“Nokia” her satyn alnan enjam üçin bag nahalyny oturdar

“Nokia” her satyn alnan enjam üçin bag nahalyny oturdar

Dünýä belli smartfonlary öndürýän “Nokia” kompaniýasy ulanyjylara satyn alnan her täze gajet üçin agaç nahalyny oturtjakdygyny mälim edýär. 4pda.to saýty “Nokia” kompaniýasynyň telekeçilik maksatly bolmadyk “Ecologi” guramasy bilen meýilleşdirýän “Let’s plant together” taslamasynyň esasynda 35 000 düýp nahal ekmegi göz öňüne tutýandygyny belleýär.

Bu başlangyç XR20 berk smartfony, G we X tapgyrly kysymlaryna we täze T20 planşetine degişlidir.

Şeýlelikde, satylan her bir Nokia G50 üçin 10 agaç, Nokia X10, X20 ýa-da Nokia T20 enjamy üçin 20 agaç, Nokia XR20 smartfony üçin bolsa 50 agaç ekiler. Bu taslamanyň amala aşyrylmagyna diňe Ýewropanyň ýaşaýjylary gatnaşyp biler we agaç nahallary Mozambikde ýa-da Madagaskarda oturdylar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä kompaniýalary “Türkmentel2025” sergisinde ulag, aragatnaşyk, sanly tehnologiýalaryny tanyşdyrdylar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda harby atlary gowşurmak dabarasy geçirildi, Türkmenpoçta çaparçylyk gullugynyň işini kämilleşdirýär, Türkmenistanyň raýatlaryna birinji ýarymýyllyk üçin salgytlary tölemegiň möhleti ýatladylýar
Mobile tm onlaýn dükany ykjam telefonlaryň we aksessuarlaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär
Brendleriň 200-den gowragy Russiýa dolanmak isleýärler
Nokia täze arzan we ygtybarly smartfonlary hödürledi
Lebapda 20 telekeçä Internet gadagançylygy girizildi, häkimiýetler nägilelik listowkalarynyň çap edilmeginden aladalanýar