Mobile tm onlaýn dükany ykjam telefonlaryň we aksessuarlaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

Mobile tm onlaýn dükany ykjam telefonlaryň we aksessuarlaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

Mobile tm internet dükanynda ykjam telefonlaryň, enjamlaryň, aksessuarlaryň we beýleki düzüm bölekleriniň giň görnüşleri alyjylara ýetirilýär.

Saýtyň sahypalaryndan Apple, Samsung, Xiaomi ýaly iri kompaniýalaryň smartfonlaryny, Nokia, LG, Alcatel ýaly kompaniýalaryň düwmeli telefonlaryny we başga-da dürli hili telefon enjamlaryny tapmak bolýar.

Mobile tm dükanynda telefonlar bilen birlikde telefon daşlyklarynyň, simsiz nauşnikleriň, gorag ekran örtükleriniň, USB kabelleriň we batareýalaryň göwnüňize ýaran görnüşini ýeňillik bilen saýlap bilersiňiz.

Bu ýerde diňe bir telefon däl-de, eýsem el sagatlary, fitnes brasletler we beýleki elektronika enjamlary hem satylýar. Olaryň reňk we görnüş babatda köp sanly modellerini, şeýle hem kemerlerini dürli deri ýa-da rezin görnüşlerinden saýlap almak mümkindir.

Mobile tm dükany adyna görä diňe bir mobil enjamlaryna ýöriteleşmeýär. Dükanyň saýtynyň sahypalarynda öý-hojalyk elektronika enjamlary, akylly enjamlar, şol sanda wideooýun joýstikleri, howa tämizleýjiler, aşhana enjamlary we şu hili başga-da köp dürli harytlar onlaýn görnüşde alyjylara tanyşdyrylýar.

Internet dükandan sargyt etmek üçin saýtda hasaba alynmalydyr. 5000 manatdan ýokary söwda edilen ýagdaýynda Aşgabat şäheriniň çägine we ýurduň welaýatlaryna eltip bermek hyzmaty tölegsiz amala aşyrylar.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Iň ýokary tizlikli internet tory guruldy
Mobile tm internet-dükanynda islendik bahadan mobil telefonlary satyn alyp bilersiňiz
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Internet tizligi ýene-de peseldi, ilatyň 'nägileligi ýokarlanýar'
Malaýziýanyň motosikletli ekspedisiýasynyň sürüjileri Türkmenistana geldiler, TDU-da taýýarlygyň durmuş işi ugry açylar, Türkmenistan Döwlet muzeýinde deri önümleriniň sergisi açyldy we beýleki habarlar
Tecno Mobile brendi Spark 10 smartfonlarynyň täzelenen tapgyryny tanyşdyrdy
Elektroulag öndürijisi üç sany zawod gurar