Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda harby atlary gowşurmak dabarasy geçirildi, Türkmenpoçta çaparçylyk gullugynyň işini kämilleşdirýär, Türkmenistanyň raýatlaryna birinji ýarymýyllyk üçin salgytlary tölemegiň möhleti ýatladylýar

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda harby atlary gowşurmak dabarasy geçirildi, Türkmenpoçta çaparçylyk gullugynyň işini kämilleşdirýär, Türkmenistanyň raýatlaryna birinji ýarymýyllyk üçin salgytlary tölemegiň möhleti ýatladylýar

1. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda harby gullukçylara migrasiýa ulgamy boýunça bilimlerini kämilleşdiriş okuwlaryny üstünlikli tamamlandyklary baradaky şahadatnamalaryň gowşurylmagy hem-de olara leýtenant harby adynyň dakylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

2.Harby gullukçylar Watanymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden hem-de wepalylyk bilen gulluk etjekdiklerine, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny gorajakdyklaryna dabaraly ýagdaýda kasam etdiler. 3.Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýollamalary gapydan gapa eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Çapar çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanyp, öýden çykmazdan, ýollamalary we bukjalary Türkmenistanyň islendik ýerine ibermek mümkindir.

Türkmenpoçta iberilen ýükleri Türkmenistanyň islendik şäherine ýa-da ilatly nokadyna 2-3 günüň içinde eltip bermegi kepil geçýär. 4.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti hususy telekeçilere we fiziki şahslara 2022-nji ýylyň birinji ýarymýyllygy üçin salgytlary tölemegiň möhletini ýatladýar. 5.

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň şaýollary we köçeleri Türkmenistanyň görnükli şahsyýetleriniň adyny göterer. 6.Mobile tm internet-dükanynda enjamlaryň, jübi telefonlarynyň, aksessuarlaryň we beýleki goşmaça mobil harytlaryň köpdürli görnüşlerini hödürlenýär.

Saýtyň sahypalarynda Apple, Samsung, Xiaomi ýaly öndürijileriň meşhur smartfonlaryna, Nokia, LG, Alcatel we beýleki kompaniýalaryň nusgawy düwmeli telefon görnüşlerine duş gelmek bolýar. 7.Gerekli onlaýn söwda platformasy Gurban baýramy mynasybetli sowgatly bäsleşik boýunça aksiýa yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin azyndan 200 manatlyk sargyt etmeli, petek almaly we bäsleşikde bagtyňy synap görmeli.Sowgatlar FullHd Skyworth telewizory, Franko aşhana peji, S tapgyryna degişli Xiaomi Airdots 2 simsiz gulaklyklary, Massage Gun massažory we Xiaomi howany çyglandyryjy-ys beriji enjam. 8.

Hindistanda Audi kompaniýasynyň batareýalary ornaşdyrylan elektro rikşa döredildi. Üç tekerli elektro rikşa Nunam kompaniýasy tarapyndan tanyşdyryldy.Ekologik ulagy döredijiler birbada iki sany global meseläniň çözgüdini tapdylar: elektromobilleriň ulanyşdan galan akkumulýatorlaryny gaýtadan işlemek we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak. 9.

Awstraliýaly Deniýel Skali täze rekord goýdy we Ginnessiň Kitabyna adyny ýazdyrdy.Ol bir sagadyň dowamynda 3182 gezek ýerden özüňi götermek (otžimaniýa) maşkyny ýerine ýetirdi.Bu eýýäm Skaliniň ikinji rekordydyr.

Birnäçe ýyl mundan öň ol rekordlar kitabyna iň dowamly tirsekde durmak (planka) maşky üçin girizilipdi. 10. 24-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň futzal boýunça superligasy-2022 badalga alar. Çempionatyň ýeňijisi adyna eýe bolmak ugrunda sekiz topar özara güýç synanyşarlar. Çempionat dört aýlaw boýunça dowam eder we 2022-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanar.

Duşuşyklar Türkmenbaşyda, Daşoguzda we Maryda geçiriler. 11. Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýän Halkara olimpiýa komitetiniň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň wekiliýeti bilen HOK-nyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedow gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Gerekli internet dükany Gurban baýramy mynasybetli utuşly bäsleşik yglan etdi
Argentinadaky Prezident saýlawynda dalaşgärleriň hiç biri sesleriň köplügini alyp bilmedi
Ortaça iň köp gol geçirilen çempionat (Dünýä Kubogy 1954)
ABŞ-daky kitaphana bergidarlardan pişigiň suratyny getirmegi haýyş edýär
Amerikanyň 7 Ştatynda Maýmyn Mama Keseli Ýüze Çykdy
Türkmenistanyň raýatlary üçin ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň hyzmatlaryna onlaýn töleg etmek mümkinçiligi, Sanly.tm sanly portaly funksiýalaryny artdyrdy, türkmen kompozitorynyň Bütinrussiýa bäsleşiginde gazanan ýeňşi we beýleki täzelikler