Gerekli internet dükany Gurban baýramy mynasybetli utuşly bäsleşik yglan etdi

Gerekli internet dükany Gurban baýramy mynasybetli utuşly bäsleşik yglan etdi

Gerekli onlaýn söwda meýdançasy nobatdaky gezek alyjylary utuşly bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar. Dükan tarapyndan yglan edilen bu bäsleşik Gurban baýramy mynasybetli geçirilýär.

Bu utuşly bäsleşige gatnaşmak üçin alyjy internet dükandan umumy bahasy 200 manatdan az bolmadyk söwda etmelidir. Bu mukdarda söwda edeninden soň, alyja bäsleşik petegi berilýär. Edil şu hili 400 manat mukdardaky söwda üçin 2 petek, 600 manatlyk söwda bolsa 3 petek gowşurylýar. Şeýlelikde, müşderi amatly bahadan hödürlenilýän harytlardan näçe köp alsa, utuşly baýraklaryň eýesi bolmak mümkinçiligini ýokarlandyrar.

Internet dükany bäsleşikde 5 sany baýrak goýýar:

1-nji ýer alana — FullHd Skyworth telewizory; 2-nji ýer alana — köp funksiýaly Franko howurpeji; 3-nji ýer alana — Xiaomi Airdots S seriýa simsiz nauşnikleri; 4-nji ýer alana — Massage Gun massaž enjamy; 5-nji ýer alana — Xiaomi howany tämizleýji we ýakym ys beriji.

Internet dükanyndan bäsleşigiň şertine laýyklykda söwda edip 15-nji iýula sagat 17:00-a çenli petek alyp gatnaşyp bilersiňiz. Bäsleşigiň jemi bolsa şondan laýyk bir sagat soň — 18:00-da sosial ulgamdaky Gerekli sahypasynda göni ýaýlymda yglan ediler.

Gerekli onlaýn söwda meýdançasyndan hojalyk harytlaryny, elektronika enjamlaryny, gap-gaçlary we beýleki öý harytlaryny, şeýle-de azyk iýmit önümlerini, gündelik öý-hojalyk harytlaryny, saglyk üçin peýdaly önümleri hem-de başga-da dürli görnüşli zatlary satyn alyp bolýar.

Şeýle-de onlaýn söwda meýdançasynda Iň gowy bahanyň kepilligi diýen hemişelik aksiýa geçirilýär. Oňa laýyklykda, alyjylar Gerekli dükanyndaky harydyň bu dükanyň bahasyndan arzan satylýan ýerini görseler, onda +99364 06 56 66 belgisine jaň edip, harydy amatly bahadan alyp bilerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda harby atlary gowşurmak dabarasy geçirildi, Türkmenpoçta çaparçylyk gullugynyň işini kämilleşdirýär, Türkmenistanyň raýatlaryna birinji ýarymýyllyk üçin salgytlary tölemegiň möhleti ýatladylýar
Argentinadaky Prezident saýlawynda dalaşgärleriň hiç biri sesleriň köplügini alyp bilmedi
Biti aýyrmagyň iň ýeňil we netijeli usullary
Bogun agyrylary üçin tebigy maslahatlary
ABŞ-daky kitaphana bergidarlardan pişigiň suratyny getirmegi haýyş edýär
Şekspiriň kitaby 2,5 million dollara satyldy