Nokia özüniň iň arzan smartfonyny - C1 Plus-y tanyşdyrdy

Nokia özüniň iň arzan smartfonyny - C1 Plus-y tanyşdyrdy

HMD Global fin kompaniýasy C1 Plus diýlip atlandyrylan Nokia markaly iň arzan smartfony çykardy. Alyjylar geljekde arzan bahadan 2500 mA·s batareýaly, LTE goldawy we 5.45 dýuým ekrany bolan elýeterli smartfon edinip bilerler diýip, 3dnews.ru habar berýär.

Nokia C1 Plus “Android Go”-da işleýär.Onuň korpusy berk polikarbonatdan öndürilip, smartfonynyň ýüregi bolup 1,4 GGs takt ýygylykly dört ýadroly çipset hyzmat edýär. Çipsetiň ady entek yglan edilmedi.

Telefon 1 Gb RAM bilen işleýär, bu bolsa häzirki döwrüň standartlary boýunça, hatda Go Edition-da hem Android 10-yň doly işlemegi üçin ýeterlik däl.Esasy we öňdäki kameralaryň ikisiniň hem durulygy 5 megapiksel bolup, düşüren suratynyň hiline buýsanmak kyn.

Içinde oturdylan ýat - 16 GB. 128 Gb çenli mikro SD kartlary alyp bilýär. 5.45 dýuýmlyk ekranda 18:9 gatnaşygy we HD + durulygy bar.Elbetde, tehniki aýratynlyklaryň toplumy gaty bir kanagatlandyryp baranok, ýöne şeýle bahadan aňrybaş zada garaşmak hem kyn.

Smartfon entek satuwa çykanok.Onuň gyzyl we gök reňkde bolmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Taryhda iň köp satylan ykjam telefon belli boldy
Nokia täze arzan we ygtybarly smartfonlary hödürledi
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
The Information: Apple iPhone 14 Plus-yň önümçiligini azaldýar