Golaýda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergi jaýynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli, ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň Nowruz geldi bedew batly Watana!
atly sergisi açyldy.Sergidäki eserleriň arasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Çary Ýazmyradowyň Ylham perişdesi, Melike, Rustam Kurbanowyň Sähranyň bezegi, Türkmen bedewi, Döwlet Berdiýewiň Bedew, Gutlymyrat Töräýewiň Obada bahar, Berdisähet Gurbansähedowyň Çölde, Bahar Pirgulyýewanyň Mährem ojak, Abdylla Mämmetberdiýewiň On dördi gije, Monjugatdy, Myrat Hojagulyýewiň Gülälekli gyz, Aýgözel Çakanowanyň Narly natýurmort, Merdan Babajanowyň Ak tawus, Guwançmyrat Hojaniýazowyň Garpyzly natýurmort, Annageldi Jumaniýazowyň Galkynyş, Maýsa Amangylyjowanyň Türkmen gyzlary, Maral Hojagulyýewanyň Toý ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr.
Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde bahar paslynyň gözelligi we halkymyzyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary çeperçilik akymlary bilen sazlaşyp, baý mazmunda öz beýanyny tapypdyr.
Nowruz topragyň janlanýandygyny aňladyp, täzelenişiň we gülleýşiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi emele getirýär.Bu gadymy baýram 2016-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şekillendiriş sungatynda Nowruz baýramy açyk, ýagty reňkleriň sazlaşygynda baýramçylyk şowhuny bilen çeper suratlandyrylýar.
Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine täsir edipdir.Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen baglanyşykly däp-dessurlaryny dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar.
Nowruz baýramy halkymyzyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurleryny özünde jemleýär.Milli bahar baýramy—Halkara Nowruz güni ýurdumyzda giňden dabaraly bellenilýär.Maýa HALYKBERDIÝEWA, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji
