Nurana Taslama HK Ahal welaýatynda gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň paýly gurluşygyna gatnaşyjylaryň kabul edilişigini yglan edýär

Nurana Taslama HK Ahal welaýatynda gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň paýly gurluşygyna gatnaşyjylaryň kabul edilişigini yglan edýär

Nurana Taslama hususy kärhanasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny Ahal welaýatynyň çäginde 52 sany bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň paýly gurluşygyna gatnaşmaga çagyrýar.

Tassyklanan taslama laýyklykda, toplumyň gurluşygy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Watan maldarçylyk hojalygynyň çäginde 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda badalga alýar.

Ýaşaýyş jaýy — bir gatly 5 otagly jaýyň umumy meýdany 205 inedördül metre deň bolup, oňa üçek, hojalyk gurnamalary, garaž, şeýle-de 0,08 ga meýdanda ýer bölegi girýär.

Paýly gurluşyga gatnaşyjylar, täze guruljak ýaşaýyş jaý toplumyndan jaý almak isleýän raýatlar öňünden jaýyň metr çäginiň tölegini geçirmelidir, şeýlelikde olar gurluşygyň maliýeleşdirilmegine gatnaşyp bilerler.

Ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy we taslama gatnaşmak babatda maglumat almak üçin Nurana Taslama HK-nyň şu salgydaky ofisine ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (Obýezdnoý), 64-nji jaý, Türkmen deri binasy, 3-nji gat.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 63) 10 66 11.

Elektron poçta salgysy: rustamtelekechi@hotmail.com

Ýene degişli makalalar

“Oguz Syýahat” Türkmenistanyň çäginde dördünji şahamçasyny açdy
Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Happy Childhood
Ýaponiýa barada täsin maglumatlar
Sanly ykdysadyýet ösüşleriň açary
Maryda 2020-nji ýylda çagalara iň köp dakylan adaty bolmadyk atlar