UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedow resmi taýdan karýerasyny tamamlady. Bu barada UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt özüniň Twitter sahypasynda yglan etdi.
2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Nurmagomedow amerikaly Jastin Getjini ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk adyny üçünji gezek gorady we karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Ol bu kararyny ejesine beren wadasy bilen düşündirdi.
Uaýt onuň bilen ýene bir söweş barada gepleşik geçirýärdi. Türgen özüni gyzyklandyrjak garşydaş bar bolsa gaýdyp gelmäge boýun boldy.
32 ýaşly Nurmagomedow ýekeje gezek hem ýeňilmezden MMA-da 29 söweş geçirdi.
