Öý dogrusynda

Jebran Halil Jebran, liwan-amerikan ýazyjysy.

(Hekaýa)

Şol wagt jaý salýan işçi öňe çykyp şeýle diýdi:

– Bize öý barada gürrüň ber.

Ol şeýle jogap berdi:

– Siz şäherde jaý gurmazdan ozal, öz hyýalyňyzda çöl-beýewanda sümelge guruň.

Çünki, durmuşyňyzyň tümlüginde öz öýüňize dolanyşyňyz deý, sizden jyda düşen alysdaky ýalňyz we sergezdan hakydalar hem size dolanyp gelýär.

Käşgä jülgeler – köçäňiz, ýaşyl ýodalar – seýilgähiňiz bolup, bir-biriňizi üzümlikden idesediňiz, lybasyňyz hem mele topragyň hoşboý ysy bilen kükesedi.

Şäher diwarlary uzak wagtlap ýüregiňizi öz topraklaryňyzdan jyda salýar.

Orfalesliler hany maňa aýdyň eýsem, bu jaýlarda nämäňiz bar?

Eýsem, siz ýapyk gapylaryň aňyrsynda näme saklaýarsyňyz?

Seniň güýjüňi görkezýän şol ümsüm meýilde asudalyk we sapa barmy?

Eýsem, sende akyl-paýhasyň belentliklerini biri-birine sepläp, ýalkym saçýan kowuspisint kemerler barada ýatlamalar barmy?

Eýsem, sizdäki süňňi agaçdyr daşdan ýasalan närseleriň mukaddeslige atarjak gözelligi barmy?

Maňa aýdyň, eýsem bular siziň öýleriňizde barmy?

Jaýa myhman bolup, soňam öý eýesi, soň bolsa han bolýan şol gizlin närse, diňe rahatlyga bolan höwesiňizdir.

Şeýlelikde, ol wagşy haýwanlary eldeki ediji mysaly, duzagy we gamçysy bilen seniň belent arzuwlaryňy oýunjaga öwürýär.

Onuň elleri ýüpek ýaly ýumşak bolsa-da, ýüregi demirden.

Ol diňe düşegiňiziň gapdalynda durup, mertebäňizi peseltmek üçin hüwdüläp ýatyrýar.

Ol siziň sagdyn düşünjeleriňizi ýaňsylap, tikenege dolaýar.

Hakykatda, rahatlyga bolan höwes kalbyň hyjuwyny öldürýär, soň bolsa kinaýaly ýylgyryp, ony ýere duwlaýar.

Emma siz eý Zeminiň perzentleri, siz şol rahatlykda-da birahatsyňyz.

Siziň öýüňüz labyr däl-de, gämi bolmalydyr.

Goý, ol ýarany büreýän ýalpyldawuk örtük däl-de, gözi goraýan gabak bolsun.

Seniň öýüň her näçe kaşaň, zynatly bolsa-da, seniň syrlaryňy gorap, hasratlaryňy gizlemeýär.

Sizdäki uç-gyraksyz närse, asman köşgünde ýaşaýar, onuň gapysy säher dumanyndan, penjireleri bolsa, gijäniň owazyndan we ümsümliginden gurlan.

(dowamy bar)

Iňlis dilinden terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.

Ýene degişli makalalar

Nesihatly hekaýalar
Ykbalyň peşgeşi
Ädikçi (Hekaýa)
Seýil ýodalar
“Ak gämi” ak menzillerde
Ýalňyz daragt hekaýa