Ýalňyz daragt hekaýa

Jemşid Sepahi, eýranly ýazyjy

Gadym zamanlarda gök asmanyň astynda garry güjüm agajy ösüp oturan eken.Bir gün güjüm agajy ömrüniň paýawlap, basym gurap galjakdygyna göz ýetiripdir.Bahar pasly ýaňy ýaşyl begrese bürenip, baglar pyntyklap başlan eken.

Günlerde bir gün, garry güjüm agajy mylaýym öwsüp duran bahar şemalyna garap: Eý, baharyň tämiz şemaly, sen meniň iň ýakyn köne dostum!Sen uzak ýyllardan bäri meni ýelpäp geldiň, şahalarymy ygşyldadyp, meniň bilen söhbetdeş bolduň. Ýöne görşüň ýaly indi meniň ömrüm paýawlap barýar.

Eýsem, sen meniň haýyşymy kabul edip, bir möhümimi bitirip bilmezmiň?diýipdir.Bahar şemaly bu sözleri eşidenden soňra, güjümiň göm-gök öwsüp oturan ýaşlyk ýyllary ýadyna düşüp, gamlanypdyr.

Ol garry güjüm agajynyň ýapraklaryny sypalap: Haýyşyňy aýt.Her näçe kyn hem bolsa, berjaý ederin.Sen meniň iň gowy dostum ahyryn.Eger saňa kömegim degmejek bolsa, onda bu dünýäniň haýsy işine nepim deger?

diýipdir.Mähirden doly sözleri eşiden garry güjümiň gözlerine ýaş aýlanyp, şeýle diýipdir: Şu ýyl, tomsuň ahyrynda meniň gurajakdygym gümansyz, ýagdaý şeýle bolansoň, meniň iň soňky tohumymy dünýäniň iň gowy mes toprakly ýerine alyp gitmegiňi, ony şol ýerde ekmegiňi haýyş edýärin.

Goý, ol gowy boý alyp, dünýäniň iň uly, iň güýçli güjüm agajy bolsun.Eger haýyşymy berjaý etseň, menden soň, iň soňky perzendimiň dünýäniň iň beýik agajy boljakdygyna ynanýan. Men seniň iň soňky tohumyňy diňe bir dünýäniň göm-gök öwsüp oturan ýerine äkitmän, eýsem, ol ösüp boý alýança her bahar onuň ýanyna sowlup, esewan boljakdygyma hem söz berýärin diýip, bahar şemaly köwsarlapdyr.Garry güjüm örän hoşal bolup, iň soňky tohumyny bahar şemalynyň ygtyýaryna beripdir. Şemal, güjümiň tohumyny holtumyna düýrläp, sähradyr derýalardan, dagdyr deňizlerden aşyryp, ony dünýäniň iň gök öwsüp oturan mekanyna eltip ekipdir.Aý aýlanyp, ýyllar geçipdir. Şemal garry güjüme wada berenligi üçin her bahar ýaş güjümiň ýanyna sowlupdyr.

Onuň ýylsaýyn boý alýandygyny gören şemal öz ýanyndan begenipdir. Ýaş güjüm agajynyň daş-töwereginde başga-da agaçlar bolup, olaryň üstünde guşlar höwürtgelän eken.Şemal ýaş agajyň ýeke däldigine, beýleki agaçlar bilen gürleşip bilýändigine we ýekelikden ýüreginiň gysmajakdygyna begenipdir.

Emma şemal ýaş güjümiň şahalarynyň üstünde hiç wagt guş görmändir. Şonuň üçinem guşlaryň üstünde oturyp, höwürtge ýasaryndan agaç heniz ýaş bolarly diýip, öz ýanyndan pikir edipdir.Şemal agajyň ýanyndan örän hoşal ýagdaýda gaýdypdyr, çünki geljek ýyla çenli güjümiň uly agaç bolup ýetişjekdigine, köp sanly guşlaryň hem onuň şahalarynyň üstünde höwürtge ýasanyp biljekdigine we şol guşlaryň ýaş güjüme örän oňat dost boljakdygyna göz ýetiripdir.Indiki ýyl baharyň başlarynda şemal daragtyň ýanyna barmaga howlugypdyr. Şahalarynyň ýüzünde göm-gök pyntyjaklar göze ilýän güjüm agajy ýaňy gyş ukusyndan oýanan eken. Şemal her ýylky adatyna görä, onuň şahalarynyň arasyndan ýuwaşlyk bilen öwsüp geçip, pyntyjaklaryny sypalapdyr.

Emma göwnüne bolmasa, bu ýagdaý güjüme ýaramaýan ýaly görnüpdir.Birdenem ýaş güjüm şahalaryny ýygnap, gazap bilen şeýle diýipdir: Habarsyz zatsyz gös-göni geläge-de, şahalarymy yralamaga kim saňa rugsat berdi?

Eýsem, aňyrdan gelşiňe, meniň şahalarymyň arasyndan geçmäge kim saňa ejaza berdi?Sen ilki menden rugsat al, diňe şondan soň men rugsat beren halatymda, şahalarymyň arasyndan geçip bilersiň. Ýogsa-da, saňa bu barada edep-terbiýe bermedilermi? Eý, ýaşajyk güjüm!

Seniň tohumyňy uzak ýerlerden holtumyma düýrläp, sähradyr derýalardan, dagdyr deňizlerden aşyryp getiren-ä men.Men dünýäniň iň bereketli mekanynda seni ekip, her ýyl görmäge geldim we boý alşyňy guwanyp synladym.

Bulardan geçip, indi sen meni tanamajak bolýaňmy?Belki-de sen meniň agaçlaryň iň ýakyn dostudygymy bilýänem dälsiň?Agaçlaryň ählisiniň gunçalary meniň elim bilen açylýarka, sen meniň bilen özüňi şeýle alyp barýaňmy?Ýaş güjüm şeýle diýipdir: Men seni gaty gowy tanaýan, bardygyňam bilýän.

Gaýtam, sen meni tanamajak bolýaň, eýsem her bir agajy ygşyldatmaga hakym bar diýip pikir edýän sen däl-de kim? Ýöne sen meniň beýleki agaçlar ýaly däldigimi hökman bilmelisiň, men güjüm, düşündiňmi, şoňa görä-de, mundan buýana şahalarymyň arasyndan öwsüp geçip, şahalarymy sandyratjak bolsaň, ilki bilen menden rugsat al, ýogsa, şahalarymy ýygryp, saňa geçmäge asla rugsat bermen.Bahar şemaly onuň bolşundan juda nägile bolup, pessaýja sesi bilen şeýle diýipdir: Hawa, indi sen ulaldyň.

Bu ýyl guşlar seniň şahalaryňda höwürtge gurar. Ýöne seniň şahalaryň arasyndan geçmesem, ýapraklaryň güneşiň öňüne böwet bolar.Onsoň ýumurtgalan guşlar, jüýjelerini çykaryp bilmez.Şu ýerde ýaşajyk güjüm ör-gökden gelip, gödeklik we edepsizlik bilen şeýle diýipdir: Sen guşlaryň üstümde höwürtge gurmagyna, şahalarymyň üstünde jüýjelerini ulaltmagyna ýol berjegimi nireden bilýäň?

Men şeýle rugsady häzire çenli hiç bir guşa beremok, mundan buýana-da bererin öýdemok!Bahar şemaly şondan soň, güjümiň şahalaryna näme üçin guşuň gonmaýandygyna düşünipdir, hemem geň galyp şeýle diýipdir: Guşlar agaçlaryň iň gowy dosty ahyry.

Daş-töweregiňe göz aýla, bu agaçlaryň ählisi guşlary gowy görýär hemem öz üstünde guşlaryň höwürtge gurmagyny isleýär.Sen güjümsiň, güjüm agajy bolsa, agaçlaryň arasynda hemişe guşlaryň iň gowy dosty bolup gelýär.

Eger garry güjüm bolan ejeň seniň şahalaryň we ýapraklaryň arasynda guşlaryň her ýyl höwürtge gurandygyny gören bolsa, juda begenerdi.Ýaş güjüm şemalyň sözüni bölüp, şeýle diýipdir: Beýleki agaçlaryň näme edýäni, ejemiň guşlaryň höwürtge gurýanyna begenjegi bilen meniň asla işim ýok.

Men hiç bir guşa öz üstümde höwürtgelemäge ýol bermen!Bu sözleri eşidip gama batan bahar şemaly hiç zat diýmän, güjümi öz erkine goýup, beýleki agaçlaryň arasyna barypdyr.Bularyň gürrüňini eşiden beýleki agaçlar şemala göwünlik berip, gamgyn bolmagyna ýol bermändirler.

Agaçlaryň ählisi ony öz şahalarynyň arasyndan öwsüp geçmäge hem-de özleri bilen söhbet etmäge çagyrypdyrlar.Gam-gussa batan şemal mundan beýläk näme boljagyny bilmek üçin şol ýerde galmagy ýüregine düwüpdir.Ep-esli wagt geçipdir.

Howa gyzyp, agaçlar ýapraklapdyr. Ýyly ýurtlara giden guşlar yzlaryna gelip, baglaryň şahalarynda höwürtge gurmaga durupdyrlar.Guşlary gören her bir agaç şahalaryny giňden açyp, öz üstünde höwürtge gurmagyny haýyş edipdir, emma güjüm bolsa şahalaryny ýygnap, guşlara barmysyňam diýmändir.Guşlar süri-süri bolup göçüp, baglaryň üstünde höwürtge gurmaga başlapdyrlar. Şeýlelikde, agaçlaryň üstünde boş ýer galmandyr.

Iň soňky guş sürüsi gelende, güjümden galan ähli agajyň şahalary höwürtgeden doly eken.Guşlar ganat kakyp, güjüme bakan ýönelipdirler, ýöne güjümiň şahalaryny ýygnaýandygyny görüp, juda geň galypdyrlar.Juda ýadaw bolansoň, bada-bat baga gonjak bolup, soňam yza tesen guşlaryň biri şeýle diýipdir: Salam ýaşajyk agaç, näme üçin şahalaryňy ýygnaýaň?

Sen şahalaryň üstünde biziň höwürtge gurup, jüýjelerimizi ösdürip ýetişdirmegimizi isläňokmy?Eýsem, sen biziň jürküldimizi we jüýjelerimiziň sesini eşidesiň gelenokmy?Biz bu ýerde hem-ä höwürtge gurarys hem-de ýolda gören- eşidenlerimizi size we baglara gürrüň bereris diýen umyt bilen şunça ýoly söküp ýanyňa geldik.

Eger üstüňde höwürtge gurmaga ýol bermeseň, bize başga ýer tapmak kyn düşer.Güjüm şahalaryny has-da gysyp: Men ýaşajyk agaç däl-de güjüm!Siz heniz meniň doly adymam bileňzok!

Onsoňam men sizden göçüp gelmegi, üstümde höwürtge gurmagy hemem gören-eşiden zatlaryňyzy gürrüň bermegi haýyş etdimmi?Meň üstümde size ýer ýok, şonuň üçinem töweregimde gaýmalaşyp ýörmäňde, göteriliň şu ýerden!Guşlar şeýle diýipdir: Ýöne biz her ýyl bärik gelip, bu ýerde höwürtge gurýardyk. Şahalarynda höwürtge gurdurmak üçin beýleki agaçlaryň bizi nähili çagyrýanyny göreňzokmy?

Onsoňam guşlaryň owazy bolmasa, hiç bir agajyň bahary göz öňüne getirip bilmeýändiginden habaryň ýokmy?Güjüm şeýle diýipdir: Meniň agaçlar bilenem, siz bilenem işim ýok, gidiň-de özüňize başga ýerde höwürtge guruň!

Men size rugsat beremok!Güjümiň sözlerine gamgyn bolan guşlar ýere gonupdyrlar.Olar juda ýadaw bolansoň, başga ýere gitmäge mejallary bolmandyr.Ol ýerdäki hoz agajy güjümiň bolşuna gahary gelip, guşlara şeýle diýipdir: Näme üçin ähli agaçlaryň iň garrysyna we ulusyna arz etmeýärsiňiz?

Güjümiň bolşuna biziň özümiz şaýat bolarys.Guşlar uçup, ähli agaçlaryň iň ulusy bolan garry dubuň ýanyna barypdyrlar hemem güjümiň bolşundan närazylyklaryny bildiripdirler.Olaryň sözüne birbada ynanmadyk garry dub, öz üstünde guşlara höwürtge gurmaga ýer bermeýän güjümiň bardygyna şübhelenipdir.

Onsoň garry dub şahalaryny kakyp, bahar şemalyny ýanyna çagyryp, her agaçdan, bir ýaprak getirip bermegini haýyş edipdir. Ýapraklar guşlaryň aýdýanynyň dogrudygyna ýa-da nädogrudygyna şaýatlyk etmeli ekenler.Aralaryndaky bolan gürrüňlere garamazdan, şemal ýaş güjümi gowy görüpdir. Şonuň üçinem beýleki agaçlardan ýaprak almazdan ozal, ol ýaş güjümiň ýanyna baryp, şeýle diýipdir: Meniň bilen gepleşmek islemeýäniňi bilýän, ýöne ejeňe beren sözümi unudyp bilemok. Ýaňy garry dub agaçlaryň hersinden bir ýaprak getirip bermegimi haýyş etdi.

Ol ýapraklardan seniň guşlar bilen özüňi alyp barşyň barada soramak isleýär.Sen meň diýenimi et-de, üstüňde guşlaryň höwürtge gurmagyna ýol ber, ýogsa, hemişelik ýeke galarsyň.Gahary ýetjek derejesine ýeten ýaş güjüm şeýle diýipdir: Ygtyýar bermesemem, ýene gelip, meň bilen gürleşýäňmi?

Meniň seni-de, guşlary-da, beýleki agaçlary-da ýigrenýändigimi nädip düşündireýin.Men şu geçen ýyllaryň içinde guşlaryň üstümde höwürtge gurmazlygy üçin ýerden hem onçakly iýmit almadym. Şoňa görä-de, şahalarym we ýapraklarym onçakly gür däl.

Bar, git-de başga ýerden ýaprak al.Garry töňňäň bolsa etjek işi bolmaz!Şemal tukat halda yzyna dolanypdyr.Ol agaçlaryň hersinden bir ýaprak alyp, garry duba eltip beripdir. Ýapraklaryň ählisi güjüm agajynyň garasöýmezligi bahar şemalyna garşy özüni alyp barşy, güjümiň öz üstünde höwürtge gurmaga rugsat bermeýşi barada gürrüň beripdirler.Muňa garry dubuň gahary gelipdir.

Ol iň soňky guş sürüsiniňem höwürtge gurmaga ýer tapmagy üçin şahalaryny has giňden ýaýmaklaryny agaçlardan haýyş edipdir.Soňra ol daragtlardan gaýdyp güjüm bilen gürleşmezligi, otlara onuň golaýynda ösmezligi, guşlara öz nagmasyny güjüme eşitdirmezligi, bahar şemalyna bolsa, gaýdyp onuň şahalarynyň arasyndan geçmezligi we ony ýalňyz goýmagyny sargapdyr.Aradan ep-esli wagt geçipdir.

Bahar we tomus pasly gutaryp, güýz gelipdir.Howa ýuwaş-ýuwaşdan sowap, guşlar yssy ýerlere göçüp gitmegiň aladasy bilen bolupdyr.Günleriň bir güni iki sany odun gözläp ýören adam agaçlaryň arasynda peýda bolupdyr.

Olaryň eginlerinde ullakan paltasy bolup, gyşa ýeterlik boljak odunyň gözleginde aýlanyp ýören ekenler.Odunçylar ýuwaşlyk bilen ýöräp, agaçlara içgin seredipdirler.Olar haýsy agajyň ýanyna barsa, onuň şahalarynyň üstünde köp sanly guş höwürtgeleriniň bardygyny görüpdirler.

Eger bu agaç çapylsa, guşlar höwürtgesiz galar diýip, odunçylar öz ýanlaryndan pikir edipdirler.Ahyrsoňy odunçylar hälki ýaş güjümiň ýanyna gelipdirler.Bu agajyň şahalarynyň üstünde bir guşuňam höwürtge gurmandygyny, töwereginde bolsa, hiç hili otuň ösmändigini görüp, olar diýseň geň galypdyrlar.

Olar ýalňyz-tenha oturan bu agajyň şahalaryny, hatda şemalyň hem sypamaýandygyna göz ýetiripdirler.Odunçylar öz aralarynda Bu güjüm çapylaýanda-da hiç bir guşuň höwürtgesiz, hiç bir otuň saýawansyz galmajakdygy hak diýşipdirler.

Soňra olar paltasyny egninden düşüripdirler-de, güýjünde baryny edip, güjümi çapmaga başlapdyrlar. Maňa palta urmaga kim size rugsat berdi?diýip, güjüm gygyrypdyr.Emma odunçylar onuň sesini eşitmändir we ony çapmagy dowam edipdirler.Güjüm daş-töweregine garanjaklasa, agaç şahalarynyň üstünde oturyp, özüne seredýän köp sanly guşy görüpdir. Şonda ol öz ýanyndan Bular meniň çapylýanyma begenýän bolmaly diýip, pikir edipdir.

Emma oňatja seretse ähli guşuň gynanýandygyna, käbiriniň bolsa, gözýaş dökýändigine göz ýetiripdir. Şol wagt ol bar güýjüni jemläp: Guşlar, näme üçin aglaýarsyňyz?Men size üstümde höwürtge gurmaga ýol bermedim ahyryn diýipdir.Golaýrakda oturan guşlaryň biri: Bize höwürtge gurmaga ýer bermeselerem, biz agaçlary gowy görýäris diýip jürküldäpdir.Güjüm şu ýerde ýalňyşyna düşünipdir we beýleki agaçlaryň şahalaryndan ýapyşmak üçin şahalaryny giňden ýaýyp, dalla isläpdir.

Emma beýleki agaçlaryň özünden uzakda bolanlygy üçin şahalaryny olara ýetirip bilmändir.Ol gygyryp-bagyryp, agaçlary kömege çagyrypdyr.Emma batly urlan paltanyň iň soňky zarbasyndan soň, güjüm bir gapdala agyp, hiç zat aýdyp ýetişmändir.

Terjime edenÝegenmämmet Taýlyýew.

Ýene degişli makalalar

Häzirki zaman özbek edebiýaty
Garagumyň gözellik dünýäsine syýahat
Çeperçilik akademiýasynda zenan nakgaşlaryň iň gowy eserleri görkezildi
Fotopursatlar: Aşgabat güýzüniň üýtgeşik öwüşginleri
Şemalyň sesi
Iň gowy bugdaý