Ykbalyň peşgeşi

(Hekaýa)

Bu şaýylyklaryň her birisi bakgal, gök satyjy we gassap bilen söwdalaşylyp jemlenipdi. Bir dollar segsen ýedi sent. Hemmesi şulardy. Onuň altmyş senti hem bir sentlik şaýylyklardan ybaratdy. Käwagt satyjylaryň özüni gysgançlykda aýyplamalaryndan ätiýaç edip, utanjyndan ýüzi gyzarýan wagtlaram az bolmaýardy. Della puluny üç gezek sanady. Bir dollar segsen ýedi sent. Ertesi gün hem Roždestwo günüdi.

Dellanyň özüni kiçijik köneje diwanyň üstüne oklap, aglamakdan başga çäresi galmady. Ol şeýle hem etdi. Bu ýagdaý onuň durmuşyň belentli-pesli menzillerden doludygy baradaky pikirlerini has-da berkidýärdi.

Ol köşeşýänçä bu öýe göz aýlaly.Goş-golamly bu jaýa hepdede sekiz dollar töleýärdiler.Daşyndan seredeniňde hiç neneň bolmasa-da, bu öýde gün-güzeran zordan aýlanýardy.Jaýyň girelgesinde içine hiç haçan hat oklanmadyk poçta gutusy we birmahal döwlüp galan elektrik jaňynyň düwmesi bardy.

Düwmäň aşagynda bolsa, öýde kimiň ýaşaýandygyny aňladýan Jenap Jeýms Dillingem Ýang diýen ýazgy berkidilendi.Bu ýere ilki göçüp gelen mahallary Jimiň gazanjy gowy bolup, maşgalanyň hal-ýagdaýy oňuşmazça-da däldi.

Emma onuň hepdelik girdejisi ýigrimi dollara çenli azalansoň, maşgalanyň gün-güzerany pese düşüp ugrady.

Aglamasyny goýan Della ýaglygy bilen ýüzüni süpürmäge durdy.Ol penjiräniň garşysyna baryp, haýadyň üstünden ýöräp barýan çal pişige gaýgyly nazar aýlady.Ertirem Roždestwo güni, onuň bolsa, Jime sowgat almak üçin diňe bir dollar segsen ýedi sent puly bardy.

Onuň her bir şaýylygyny tygşytlap, bar ýygnanjasy hem şulardy.Hepdede ýigrimi dollar gazanç bilen aljak galaň ýokdy. Çykdajylary çak edilişinden hem köpdi.Näme üçindir bu ýagdaý olardan sowlup gidibermeýärdi.

Jime bary-ýogy bir dollar segsen ýedi sent bilen sowgat almalydy.Ol özüniň mähriban Jimine üýtgeşik bir sowgat almak üçin pikirlenip, ajaýyp duýgulara gaplanýardy.Ol sowgat gaty üýtgeşik, arzyly bolup, Jimiň mertebesine laýyk gelmelidi.

Otagyň iki penjiresiniň arasynda ýüz görülýän aýna durdy.Diňe örän hortap zenan şunuň ýaly inçeden uzyn aýnadan öz keşbini doly aýyl-saýyl görüp bilse gerek.Syratly boýy we hoşroýlugy bilen tapawutlanýan Della penjireden ýüzüni sowup, aýnaň öňüne geldi-de, öz keşbine içgin göz gezdirdi.

Onuň ýüzi birbada ýagtylyp gitse-de, az wagtdan öçüp ugrady.Ol çakganlyk bilen saçgysgyjyny aýranda, tylla reňkli saçlary dyzyndan aşak tolkun atyp gitdi.

Jeýms Dillingem Ýangyň iki sany hazynasy bolup, maşgalanyň bar buýsanjy şol iki zatda jemlenýärdi.Olaryň biri atasyndan kakasyna geçip, Jime miras galan altyn sagatdy.Beýlekisi bolsa, Dellanyň saçlarydy.

Eger-de saý-sebäp bilen Dellanyň saçlaryna melike Sebanyň gözleri düşsedi, onda onuň dakynýan bar şaý-sepleri öz gymmatyny ýitirerdi.Eger-de hezreti Süleýman şu jelagaýlarda ýaşaýan bolsady, onda Jim her gezek sagadyna seredende, oňa gözügidijilik bilen garap, sakgalyny sypalap galardy.

Dellanyň lowurdap duran owadan saçlary misli tyllaýy şaglawuk deýin tolkun atyp, dyzyndan aşak döküldi. Onuň uzyndan gür saçlary lybas kimin bedenini örtdi. Birdenem ol alňasap, saçlaryny ýygnamaga durdy. Soňra ýaýdanyp durşuna ýene-de biraz wagt gymyldaman durdy, gözünden akýan birnäçe ýaş damjalary köne halynyň üstüne damdy.

Ol goňur keltekçesini egnine atyp, goňur başgabyny hem kellesine geýdi.Della gözüne ýaş aýlap, gapydan çykdy-da, basgançakdan aşak düşüp, köçäň ugrundan ynamly ädimler bilen ýöräp ugrady.Onuň aýak çeken ýerinde şeýle ýazgy asylgy durdy: Hanym Sofrony.

Saçlaryň dürli görnüşleri.Della demi-demine ýetmän, gyssanmaçlyk bilen ikinji gata atylyp çykdy-da, aýak çekdi.Bu ýerde garaýşy buz ýaly, reňki ap-ak, semiz aýal otyrdy.

Ol zordan başyny galdyryp, Della nazar aýlady.

Siz meniň saçlarymy alarsyňyzmy? diýip, Della ondan sorady.

Hawa, men saç alýaryn. Başgabyňyzy aýryň, men ony göreýin diýip, hanym jogap berdi.

Goňur şaglawuk aşaklygyna tolkun atyp gaýtdy.

Ýigrimi dollar diýip, ol aýal endik eden elleri bilen onuň gür saçlaryny sypalap goýberdi…

Tizräk puly bersene diýip, Della dillendi.

Della şondan soň göwni galkynyp, ganat baglan ýaly boldy.Ol Jime almakçy bolýan sowgadyny gözläp, ähli dükanlary syryp çykdy.Ahyrsoňy hem tapdy. Şübhesiz, bu hiç kim üçin däl-de, diňe Jim üçin ýasalan ýalydy.

Ol beýleki dükanlaryň ählisine baryp, çepbe çöwürse-de, şunuň ýaly sowgady tapmandy.Bu jübi sagatlary üçin niýetlenen kümüş zynjyrjyk, ýönekeýden zynatlylygy, hiliniň ýokarylygy bilen ýesir edýärdi ähli gowy zatlar hem şeýle bolmalydy.

Della ony gören badyna zynjyrjygyň Jime laýykdygyna göz ýetirdi.Onuň durky bahasyna degýärdi.Ol munuň üçin ýigrimi bir dollar töläp, segsen ýedi senti bilen öýüne alňasady.Mundan beýläk Jim üýtgeşik zynjyr dakylan altyn sagadyna islendik ýerde arkaýyn seredip biljekdi.

Onuň sagady hernäçe nepis bolsa-da, zynjyra derek köne gaýyş bag dakylanlygy üçin oňa ogrynça seretmeli bolýardy.

Della öýüne gelensoň, onuň şadyýanlygy akyl-paýhas bilen ýerini çalyşdy.Ol saç buýralaýan enjamyny çykaryp, gazy ýakdy-da söýgi bilen jomartlygynyň utgaşmasyndan emele gelen weýrançylygy uly iş edinip, bejermäge durdy.

Kyrk minutyň içinde onuň saçlary buýra saçlyja mekdep okuwçysyna çalym etdi.Ol uzak wagtlap, aýnadaky keşbine tankydy nazar bilen seretdi.Ol öz ýanyndan Jim meni bu ýagdaýda görüp, göwni geçäýesi ýok-la.

Ol meni birbada Koni-Aýlendiň aýdymçy gyzlaryna meňzetse gerek. Ýogsa-da, meniň elimden geljek başga zat ýog-a.Wah, men diňe bir dollar segsen ýedi sent bilen näme edip bilerdim ahyryn?

diýdi.

Sagat ýedide kofe taýýar boldy, tabany bolsa, kotlet gyzartmak üçin gaz plitasynyň üstünde goýdy.Jim hiç haçan gijä galmaýardy.Della kümüş zynjyry gysymynda saklap, işige golaý ýerdäki stoluň başyna geçdi.

Birdenem ýanýoldaşynyň basgançakdan çykyp gelýän aýak sesini eşidip, reňki şobada ak esgä döndi.Dellanyň gündeki bolup geçýän ýönekeýje zatlar üçinem gysgajyk dogalary okamak endigi bolup, Hudaýjan, ony häzirem owadandygym barada pikir etdireweri diýip, pyşyrdady.

Gapy açyldy, Jim içerik girip gapyny ýapdy. Ol örän hor we agras görünýärdi. Bary-ýogy ýigrimi iki ýaşyňda maşgalaň ýüküni çekäýmek aňsat iş hem däldi. Onuň eýýäm köp wagtdan bäri täze palto zerurlygy bardy, ellerinde hem elligi ýokdy.

Bedenäniň ysyny alýan aw tazysy ýaly gapydan giren Jimiň gözleri Dellada eglendi. Della adamsynyň içgin nazaryndan hiç zat okap bilmänsoň gorkup ugrady. Bu garaýyşlar gahar-gazap däldi, geň galmak hem däldi, ýazgarmak hem däldi, ýigrenç hem däldi onuň garaşan duýgularynyň hiç birisi däldi. Ol diňe adaty däl, üýtgeşik garaýyşlary bilen oňa içgin seretdi.

Della ýerinden laňňa galyp, ony garşy aldy.

Gadyrdanym, maňa beýdip seretmesene diýip, Della seslendi.Men saçlarymy timarladyp, ony satmaly boldum, sebäbi Roždestwo gününde saňa sowgat alman boş geçirip biljek däldim.Olar ýene-de öser.

Sen garşy däl gerek?!Men diňe şeýle etmäge mejbur boldum.Meniň saçlarym örän çalt ösýär.Roždestwo gününde gowy arzuwlary etsene Jim, gel, şatlanaly.Saňa nähili oňat, nähili owadan, üýtgeşik sowgat alandygymy bir görsediň!

Ol hamala diýersiň, agyr akyl zähmetinden soň bu aýdyň hakykata göz ýetirip bilmeýän ýaly:

Sen saçyňy timarlatdyňmy? diýip, kynlyk bilen sorady.

Hawa, timarlatdym-da satdym diýip, Della aýtdy. Her niçikde bolsa, indi göwnüňden turup bilmesem gerek. Ýöne men timarlanan saçlarym bilen hem şol bir bolşum ahyryn!

Jim aňka-taňka bolup, otagyň içine nazar aýlady. Ol kellesine taýak degen ýaly bolup:

Sen saçlarymy timarlatdym diýýäňmi? diýip, tekrarlady.

Seniň indi ony gözlemegiň geregi ýok. Men saňa ýene-de bir gezek aýdýaryn, ony timarlatdym we satdym. Bu gün Roždestwo güni. Gadyrdanym, maňa mähirli bol, sebäbi men muny diňe seniň üçin etdim. Meniň kellämdäki saçlary sanamak belki-de mümkindir diýip, Della sözüni dowam etdirdi. Birdenem ol mylaýym sesi bilen:

Ýöne meniň saňa bolan söýgimi hiç kim hiç zat bilen ölçäp bilmez. Jim, kotletleri atyberjek onda? diýdi.

Jim agyr ukudan oýanan ýaly boldy. Ol Dellany bagryna basdy-da paltosynyň jübüsinden dolanan bir zat çykaryp, ony stoluň üstünde goýdy:

Maňa ýalňyş düşünme, Della! Haýsydyr bir timarlanan ýa-da bejerilen saç meni öz ezizimden sowadyp bilmez. Eger-de sen şu düwünçegi açyp görseň, birbada meniň näme sebäpden kyn ýagdaýa düşendigime göz ýetirersiň.

Della çalasyn ak zyba barmaklary bilen kagyza dolanan zadyň ýüplerini üzüşdirip, açdy.Della begenjinden ýaňa gygyrdy, soňra-da gynanjyndan dymdy.Zenanyň bu şatlygynyň gynanç bilen ýerini çalyşanlygyna görä, ýanýoldaşynyň haýal etmän ony köşeşdirmegi gerekdi. Çünki ol ýerde Dellanyň Brodweý köçesiniň ugrundaky dükanyň aýnasyndan ençeme gezek synlan, özüne maýyl eden haşamlanan daraklary ýatyrdy.

Sap pyşbaga okarasyndan ýasalan nepis daraklaryň tutawajy gymmatbaha daşjagazlar bilen zynatlanyp, ýaş zenanyň goňur öwüsýän saçlaryna doly laýyk gelýärdi.Della bu daraklary edinmäge umydy bolmasa-da ýürekden höwes edipdi.

Indi bolsa şol daraklar özüniňkidi, ýöne ýüreginde beslän bu bezegleriň gözellik çaýmaly öňki uzyn saçlary welin ýokdy.Della daraklary bagryna basyp, ahyry öçük gözleri bilen başyny galdyryp, ýylgyrdy-da:

Jim meniň saçlarym örän tiz ösýär diýdi.

Birdenem Della begenjinden bökjekläp:

Häzir men saňa bir zat görkezeýin! diýip, seslendi. Jim heniz özüne niýetlenilen üýtgeşik sowgady görmändi. Della şadyýanlyk bilen aýasyny açdy-da, lowurdap duran kümüş zynjyry Jime uzatdy.

Üýtgeşik gerek, Jim? Men muny tapýançam tutuş şäheri söküp çykdym. Indi günde ýüz gezegem sagadyňa arkaýyn seredip bilersiň. Hany sagadyňy maňa ber. Men olaryň bilelikde nähili gelişýändigini bir göreýin.

Jim oňa gulak asman köne diwana özüni lampa goýberdi-de ellerini ýeňsesine goýup, ýylgyrdy:

Della, gel Roždestwo güni üçin alan sowgadymyzy bir gyra goýup, olary az wagt saklaly. Çünki olar biziň häzirki ýagdaýymyza laýyk gelmeýär. Men sagadymy saňa bu daraklary almak üçin satdym. Onda näme, kotletleri taba atyber diýdi.

Terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.

Zaman-Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ähli döwürleriň iň oňat maýadarlarynyň biri Jim Saýmons aradan çykdy
Muhammed Aliniň çempionlyk kemeri satyldy
Ford täze döredilen bölümçesiniň işgärlerini 25% azaldar
ABŞ-a garşy çydam görkozmegiň ýeke täk çözgut ýoldygyny Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriniň nygtamaklary
Adaty ululykdaky sürüjisiz awtobus synagdan geçirilýär
Jim Kerri aktýorlyk kärini tamamlaýandygyny habar berdi
Türkmenistanda mukaddes Remezan aýy başlandy, harby gulluga ýazky çagyryş başlandy, Hindistanyň Prezidentiniň taryhda Türkmenistana ilkinji sapary we beýleki täzelikler