Ford täze döredilen bölümçesiniň işgärlerini 25% azaldar

Ford täze döredilen bölümçesiniň işgärlerini 25% azaldar

Amerikan awtomobil öndürijisi Ford geljek hepdelerde 8 müň adamy işden çykarar. Kompaniýa elektromobilleriň önümçiligini giňelder diýip, Bloomberg habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär.

Işden aýrylmak içerki ýangyç hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligi bilen meşgullanýan täze döredilen Ford Blue bölümçesine, şeýle-de beýleki bölümçeleriň işgärlerine täsir eder.Anyk meýilnama heniz tassyklanmady.Mart aýynyň başynda Ford-yň baş müdiri Jim Farli 2026-njy ýyla çenli çykdajylaryň $3 mlrd azaldyljakdygyny aýdyp, Ford Blue bölümçesini “tutuş kärhana üçin girdeji çeşmesine” öwürmek isleýändigini nygtady.

Mart aýynda Farli awtomobil önümçiligini iki bölege bölüp, Ford-y düýpgöter özgerdipdi.Model e bölümçesi elektrokarlar, Ford Blue bolsa adaty benzin hereketlendirijili awtomobiller bilen meşgullandy.Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, işden aýrylmak dürli bölümleriň işgärlerine degişli bolar.

Has dogrusy, proses tapgyrlaýyn alnyp barlar.Häzirki wagtda kompaniýa üçin ABŞ-da 31 müňe golaý adam zähmet çekýär.Kompaniýanyň PR-müdiri Mark Trubi maglumata teswir bermekden saklanyp, Ford-yň üýtgedip gurulmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Ol öndürijiniň “pudakda bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmek üçin çykdajylary azaltmagy” meýilleşdirýändigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ford-yň awtopiloty indi hatardan-hatara düzülmegi we öwrümde tizligi peseltmegi başarýar
Ford taryhynda iň iri zawody gurmaga başlady
Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
“Uber”-iň ähli ulaglary elektrikli bolar