4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, hoşniýetli gutlaglar üçin oňa minnetdarlyk bildirdi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ählumumy gyzyklanmalaryň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi we bu saparyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Taraplaryň gatnaşyklaryň täze, netijeli gurallaryny hem-de ugurlaryny gözlemäge, şeýle-de ony syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologiýa ugurlary boýunça yzygiderli ösdürmäge gyzyklanmalary beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny, soňky ýyllarda onuň okgunly, netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de Türkmenistanda 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň resmi taýdan açylmagy bilen, özara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini we onuň täze mazmun esasynda üstüniň ýetirilýändigini nygtady.
Häzirki döwürde ÝB bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar hereket edýän ugurlaryň ählisinde, hususan-da, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilelikdäki komitetiniň, parlamentara gatnaşyklaryň, adam hukuklary dialogynyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň duşuşyklaryň we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynyň çäklerinde netijeli ösdürilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi sebitara derejede, şol sanda Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa dialogy boýunça hyzmatdaşlyk edýär.
Türkmenistanda kanunçylygy, bilim ulgamyny, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, oba we suw hojalygyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi boýunça halkara Konwensiýalaryň durmuşa geçirilmegi hem-de beýlekiler üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda görkezildi.
Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlarydyr. Şunda bu gatnaşyklaryň özara düşünişmek we uzak möhletleýin gyzyklanmalara laýyk gelýän esasda mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin zerur binýat bolup durýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berilýändigini ýene-de bir ýola nygtap, taraplaryň hyzmatdaşlygyň geljekde-de berkidilmegine we ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryna kanagatlanma bildirdi.
* * *
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza iň ýokary döwlet wezipesindäki giň gerimli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmuna eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de doly ygtyýarly wekil özara hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan, ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de, geçen ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza bolan döwlet sapary mahalynda we iki ýurduň Liderleriniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere garaldy.
Iki ýurduň möhüm strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygy nygtaldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly şertnama-hukuk binýady hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işi munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi daşary ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyz we diplomat ýurtlarymyzyň özara ynanyşmak arkaly hyzmatdaşlyk ýoluna berk eýerýändiklerini kanagatlanma bilen belläp, däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýardyklaryny beýan etdiler. Bu bolsa dostlukly halklaryň has-da ýakynlaşmagyna mümkinçilikleri açar.
Halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň we garaýyşlaryň ýakyndygynyň dürli derejede türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde amatly şertleri döredýändigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, biziň döwletlerimiz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Abraýly halkara düzümleriň çäklerinde birek-birege goldaw bermäge bolan gyzyklanmalar munuň aýdyň beýanydyr.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz diplomata iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda ähli zerur tagallalary we toplan tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
