Özbaşdak hereket edýän traktor, tok bilen işleýär

Oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän “New Holland” kompaniýasy “T4 Electric Power” atly elektrik energiýasy bilen işleýän awtonom hereket edýän traktoryny tanyşdyrdy. Şeýle hem kompaniýa suwuklandyrylan gaz bilen işleýän “T7 Methane Power LNG” atly ýene bir traktory işläp taýýarlady.

Birinji agzalýan tehnikanyň daşky dizaýn babatda adaty traktorlardan tapawudy ýok.Birnäçe kamera we sensor bilen üpjün edilen tehnika awtonom ýagdaýda hereket hereket edip bilýär. Öňünden çykýan päsgelçilige urman saklanyp ýa-da onuň daşyndan aýlanyp bilýän traktory smartfonlar arkaly uzakdan dolandyryp bolýar.

Traktorda kuwwaty 120 at güýjüne barabar elektrik energiýasy bilen işleýän motor oturdylypdyr.Tizligi sagatda 40 kilometre çenli bolan “T4 Electric Power”-y başga zada elektrik energiýasyny bermek üçin hem peýdalanyp bolýar. Ýagny, açyk meýdanda elektrik energiýasy bilen işleýän haýsydyr bir elektrik energiýasyny işleýän enjamy peýdalanyp bolýar.

Traktoryň batareýasyna bolsa, 1 sagatda zarýad berip bolýandygy mälim edildi.

“T7 Methane Power LNG” atly gaz bilen işleýän traktoryň bolsa bu ugurda dünýäde ilkinjidigi mälim edildi. Howany hapalamaýan traktoryň nusgalykdygy mälim edilip, önümçiligine başlanjak wagty barada habar berilmedi.

Medine Nurgeldiýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Dürli pudaklarda ulanylýan kuwwatly tehnikalar
Türkmenistanly pensioner maşgala iki sany uly bolmadyk ýyladyşhanada limon ösdürip ýetişdirýärler, Jebelde täze halkara howa menziliniň gurluşygy başlandy, Lewandowski Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda Bawariýa garşy oýnar
Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
Türkmenistanda 1-nji synp okuwçy üçin mekdep harytlarynyň toplumynyň bahasy näçe, Demirgazyk Günorta ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri boýunça wekiliýet Aşgabatdan Astrahan oblastyna ugrar, Türkmenistan BMG-syna parahatçylyk hem-de howpsuzlyk boçun
Traktor Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji utugyny gazandy
Gurban Berdiýewiň ilkinji oýnunyň güni belli boldy