Özbegistan Owganystana ynsanperwer kömek ugratdy

Özbegistan Owganystana ynsanperwer kömek ugratdy

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannama görä, Özbegistanyň hökümeti Owganystana ynsanperwer kömek ugratdy.

Un, bugdaý, tüwi, ösümlik ýagy, konserwalar, eşikler we aýakgap ýaly zatlardan ybarat ynsanperwer kömek gury ýer arkaly Owganystanyň Haýratan şäherine baryp ýetdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Ismetulla Ergaşew we Surhanderýa welaýatynyň gubernatory Tora Babalowyň ýolbaşçylygynda ugradylan ynsanperwer kömek owgan resmilerine gowşuryldy.

Taliban dolanşygynyň Balh welaýatynyň gubernatory Dawud Muzammil ynsanperwer kömegiň gowşurylyş dabarasynda eden çykyşynda, kyn günlerde beren goldawlary sebäpli Özbegistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirip, şol kömegiň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň görkezijisidigini beýan etdi.

Özbegistan Oraz aýynda Owganystana demir ýol arkaly 4 müň tonna, iýun aýynda bolsa 74 tonna ynsanperwer kömek ugradypdy.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
BMG Komiteti Türkmenistanyň haýryna içalyçylykda aýyplananan özbek ofiseriniň gynamalara duçar bolandygy baradaky şikaýaty kabul etdi
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Türkmen talyby R.M.Glier adyndaky VII Halkara saz bäsleşiginde birinji derejeli diploma mynasyp boldy