Özbegistan Russiýadan gazy uzakmöhletleýin esasda satyn almakçy

Özbegistan Russiýadan gazy uzakmöhletleýin esasda satyn almakçy

Özbegistan Russiýanyň Gazprom döwlet edarasy bilen tebigy gazy uzakmöhletleýin esasda satyn almak boýunça gepleşiklere başlady diýip, ýurduň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow beýanat berdi diýip, Interfax.ru ýazýar.

Geçen şenbede Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň Prezidentleri Wladimir Putin, Kasym-Žomart Tokaýew we Şawkat Mirziýoýew rus gazynyň Özbegistana iberilmegine badalga berdiler.

Gazprom rus gazynyň Gazagystanyň çägi bilen Özbegistana iberilip başlanmagynyň 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde meýilleşdirilýändigini habar berdi. Taraplaryň arasynda gazy satyn almak-satmak boýunça iki ýyllyk ylalaşyk baglaşyldy, geleşige Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow we Gazprom edarasynyň başlygy Alekseý Miller gol çekdiler.

Özbegistanyň Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, Respublika gazy iki ýyllyk möhlet bilen satyn almaga ylalaşdy, Gazagystanyň üsti boýunça Merkezi Aziýa-Merkez gaz geçirijisi arkaly ýurt Russiýadan ýylda 2,8 milliard kub metr gaz satyn alar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Özbegistana tebigy gaz satar
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Phuketde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
Russiýanyň öz gazyny Merkezi Aziýa zomamagy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Özbegistanda oba hojalyk işi bilen tanyşdy
Raisi: Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Eýranyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny