Russiýa Özbegistana tebigy gaz satar

Özbegistan bilen Russiýanyň arasynda 2 ýyl üçin tebigy gaz satyn almak babatda ylalaşyk gazanyldy. Şoňa laýyklykda, her ýyl 2,8 milliard kubmetr tebigy gazy satyn almak göz öňünde tutulýar. Bu barada Özbegistanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

2 ýyl möhlet bilen tebigy gaz satmak we satyn almak hakyndaky şertnama “Uzgastreýd” bilen “Gazprom eksport” kompaniýalarynyň arasynda baglaşyldy diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Bu resminama Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow bilen “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller gol çekdiler. Ýyllyk mukdary 2 milliard 800 million kubmetr tebigy gaza deňdir.

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen halkara ykdysady forumyň çäklerinde rus gazyny Özbegistana ibermek hem-de bu tebigy gazy almak üçin gaz geçiriji ulgamy taýýarlamak boýunça “ýol kartasyna” gol çekilipdi.

Bu şertnamanyň täjirçilik şertlerinde Özbegistanyň her ýyl artýan sarp ediş möçberini belli bir möçberde kanagatlandyrmak hem-de güýz-gyş möwsüminde tebigy gazyň sarp edilmegini bökdençsiz amala aşyrmak maksady bilen taýýarlanandygy bellenildi.

Bu ylalaşygyň çäklerinde şu ýylyň 1-nji oktýabryndan gündelik 9 million kubmetr tebigy gazyň eksport edilip başlanmagy göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan Russiýadan gazy uzakmöhletleýin esasda satyn almakçy
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Phuketde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
Russiýanyň öz gazyny Merkezi Aziýa zomamagy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Özbegistanda oba hojalyk işi bilen tanyşdy
Raisi: Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Eýranyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny