Özbegistanly hokkeýçi Aşgabatdaky halkara ýaryşyň netijeli oýunçylarynyň başyny çekýär

Özbegistanly hokkeýçi Aşgabatdaky halkara ýaryşyň netijeli oýunçylarynyň başyny çekýär

Özbegistanyň Feniks toparynyň hokkeýçisi Behruz Najmiýew şu günlerde Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara ýaryşda iň netijeli oýunçylaryň sanawynyň başyny çekýär. Behruz toparynyň geçiren iki duşuşygynda 8 gezek tapawutlandy.

1-nji tapgyrda Oman Nationals toparynyň derwezesinden 3 şaýba geçiren Behruz şu gün Bahraýn topary bilen geçirilen duşuşykda netijesini has gowulandyryp, 5 gezek tapawutlanagy başardy. Ol şol bir wagtyň özünde şu ýaryşda bir oýunda 5 şaýba geçirmegi başaran ilkinji hokkeýçi boldy.

Halkara ýaryşyň iň netijeli oýunçylarynyň sanawynda ikinji orny Gazagystanyň Akmola toparynyň wekili Wladislaw Kurmalewskiý eýeleýär. Ol üç duşuşykda 6 gezek tapawutlanmagy başardy.

Üçünji orunda bolsa Galkanyň hokeýçileri Pawel Barkowskiý bilen Perhat Atekäýew bar. Hokkeýçileriň ikisi hem üç duşuşykda 4 şaýbadan geçirip bildiler.

Ýeri gelende aýtsak, halkara ýaryşda yzda galan 3 tapgyrda 71 hokkeýçi tapawutlandy. Bu sanawda üç şaýbadan geçiren hokkeýçileriň 7-si, iki şaýba geçirenleriň 20-si bar.

16 ýaşly Behruz Najmiýew häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda hokkeý akademiýalarynyň birinde okaýar. Ol ýerli çempionatda Strela toparynda çykyş edip gelýär. Feniks Behruzy şu halkara ýaryşa gatnaşmak üçin düzüme çagyrdy.

Feniks halkara ýaryşda Galkan bilen ertir duşuşar. A toparçanyň iki sany güýçli wekiliniň duşuşygy sagat 10:00-da başlanar. Şu duşuşygyň ýeňijisi bolan topara toparçada birinji orny eýelemek mümkinçiligi garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri
Galkan hokkeý boýunça halkara ýaryşa ýeňiş bilen başlady
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri