Özbegistanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň üç taraplaýyn duşuşygy

Özbegistanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň üç taraplaýyn duşuşygy

Özbegistanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň demirýol guramalarynyň wekilleri wideo konferensiýada ýük gatnawynyň köpelmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşkentdäki Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu wideo konferensiýada Özbegistan, Eýran we Türkmenistan demir ýollarynyň wekiliýetleri ýük wagonlarynyň geçişini tizleşdirmek we "Özbek Timir ýollari" kompaniýasyna degişli boş wagonlary Eýrandan Özbegistana gaýtarmak arkaly ýük mukdaryny artdyrmak barada ylalaşdylar.

Şeýle hem, bu ýygnaga gatnaşyjylar "Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman" koridorynyň (Aşgabat düşünişmek Memorandumy) üsti bilen synag otly gatnawynyň guralyşyna aýratyn üns berdiler.

Şeýle-de Özbegistanyň we Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Eýranyň demir ýol guramalarynyň işgärleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjan, Gazagystan we Özbegistan energiýa ulgamlaryny birleşdirmekçi
Wengriýa we Hytaý hyzmatdaşlyk hakda 16 ylalaşyga gol çekdiler
“Petronas” tehnologiýa ýokary okuw mekdebi türkmen talyplary üçin onlaýn okuw guraýar
Türkmenistanyň we Tatarystanyň oba hojalyk uniwersitetleri hyzmatdaşlyk Memorandumyna gol çekerler
Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edip başlady
Gazagystan Täjigistany suw ýetmezçiligini çözmäge çagyrdy
Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy atly tebigaty goramak gaznasy ara alnyp maslahatlaşyldy