Özbegistanyň kollejlerine giren uçurymlary Türkmenistandan çykarmaýarlar

Özbegistanyň kollejlerine giren uçurymlary Türkmenistandan çykarmaýarlar

Özbegistanyň kollejlerine giren Lebap welaýatynyň mekdepleriniň birnäçe uçurymlary okuw üçin Türkmenistandan çykarylmaýar diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” jurnalistleri habar berýärler.

Şu ýyl kabul edilen düzgünlere laýyklykda, okuw üçin uçurymlara (hatda, okuwa döwlet däl-de, studentleriň özleri töleg etselerde) diňe bilim Ministrliginiň, Migrasiýa gullugynyň hem DIM-niň rugsady we diňe bilim Ministrliginiň şertnama gol goýan okuw jaýlary üçin daşary ýurda çykmaga rugsat edilýär.

2022-nji ýylda döwlet maksatnamasy boýunça çet ýurtlarda okajak studentleriň sany 4-5 müňden 2 müňe kemeldildi. Şeýlede Türkmenistanly studentleriň hökümetiň goldawy bilen okap biljek daşary ýurt okuw jaýlarynyň sany hem azaldyldy. Bu olaryň daşary ýurda çykmaga rugsadyň we okuw üçin tölege konwertasiýanyň hem çäklendirilendigini aňladýar.

Täze düzgünler känbir wagyz edilmedi.Bilim ministrliginiň sebitlerdäki bölümlerine täze düzgün barada uçurymlaryň ene-atalaryna maglumat bermek tabşyryldy. Netijede,bu düzgünlerden hemmeler habarly bolmandy.

Seýdi şäherinden, şeýlede Dänew etrabynyň “Çandyr” obasyndan bolan birnäçe adam Özbegistanyň Karakol saglyk we Buharadaky mugallymçylyk köllejlerine okamaga gidip bilmediler, hatda, olaryň okuwa kabul edilendigi we tölegleriniň edilendigi barasynda resminamalary bolsada.

Olaryň Buharada ýaşaýan garyndaşlary Daşkende gidip, 13-nji oktiýabrda Türkmenistanyň ilçihanasyndan düşündiriş almaga çalyşdylar. Emma, olary kabul etmediler we ilçihananyň işgäri ilçiniň birnäçe günlik Türkmenistana gidendigini, beýleki işgärleriň raýatlary kabul etmäge ygtyýarlygynyň ýokdugyny aýdypdyr. Şeýlede uçurymlaryň Türkmenistanyň bilim Ministrligine ýüzlenmeleri hem jogapsyz galdy.

“TH-niň” jurnalistleriniň maglumatlaryna görä, türkmen raýatlarynyň okap biljek çet ýurt ýoj-niň sanawyndan Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ýokary we ýörite okuw jaýlaryny aýyrmak göz öňünde tutulypdy.Emma, olaryň sanawdan aýrylandygyny anyklap bolmady.

“Azatlyk” radiýosynyň habaryna görä, russiýanyň ýoj-na giren uçurymlary ähli rugsat resminalarynyň bardygyna garamazdan, Russiýa goýbermeýärler.

Aşgabadyň howa menzilinde döwlet Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň düşündirmeklerine görä, uçurymlaryň giren okuw jaýlary Türkmenistanda diplomlary ykrar edilen ÝOJ-niň sanawyna girmeýär.The post Özbegistanyň kollejlerine giren uçurymlary Türkmenistandan çykarmaýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan Farap-Alat barlag nokadyny wagtlaýyn ýapdy
Magtymguly Pragy
Türkmenfilm Özbegistanda Magtymguly Pyraga barada täze filmi surata düşürip başlady
Gid-ýolbeletler üçin hünär synagyndan geçmegiň tertibi tassyklandy, Wan kölüniň düýbünde gadymy türkmen şäherçesiniň harabalyklary tapyldy, Merw AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy we beýleki habarlar
Çeşme: Howpsuzlyk Aşgabatdan Moskwa uçar gatnawynyň ýatyrmagynyň ýeke-täk sebäbi däl
Aşgabadyň çagalar futbol topary Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdy
Milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy