Özbek-Gazak Gatnaşyklary Pugtalanýar

Özbek-Gazak Gatnaşyklary Pugtalanýar

Özbegistanyň Daşary işler ministri Bahtiýar Saidow, Gazagystana ilkinji resmi saparyny gurady.

Ministr Saidow, paýtagt Astanada, Gazagystanyň Daşary işler ministri we Wise-premýeri Murat Nurtileu bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministri we Wise-premýeri Murat Nurtileu beýannamasynda, ýurdy bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň hyzmatdaşlyk derejesine göterilmegi we serhetleriň kesgitlenilmegi boýunça 2022-nji ýylda baglaşylan taryhy şertnamalaryň, gazak-özbek gatnaşyklarynda täze sahypa açandygyny aýtdy.

Nurtileu, Gazagystan bilen Özbegistanyň arasynda baglaşylan şertnamalaryň Orta Aziýanyň durnuklylygyna we galkynyşyna goşant goşýandygyny belledi.

Soňky ýyllarda özara söwda mukdarynyň durnukly ýagdaýda ösýändigine ünsi çeken Nurtileu, iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 10 milliard dollara ýetirilmegi boýunça ylalaşyk gazanylandygyna ünsi çekdi.

Özbegistanyň Daşary işler ministri Bahtiýar Saidow hem duşuşygyň netijeli geçendigini nygtap “Üstümizdäki ýylyň liderleriň gurajak saparlary bilen has-da netijeli geçmegine garaşýarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrlerini kabul etdi
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maslahatlaşdy
Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň Awazada dynç alşyny üpjün eder we beýleki habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler