Özboluşly bina gurlar

Albaniýanyň paýtagty Tiranada bir desgada jemlenen üçekli jaýlar toplumyna çalym edýän bina gurmak meýilleşdirilýär. “Network of Architecture” dizaýn kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen taslama “Tirananyň tapmaçasy” diýlip atlandyrylýar.Binanyň belentligi 71 metr, tutýan meýdany bolsa, 75-25 metr töweregi bolar.

Taslama Tirananyň häzirki zaman binagärçiligine laýyklykda işlenip düzüldi.Esasy maksat bolsa, şäheriň we obanyň jaý gurluşygyndaky usulyýetiň utgaşmasyny özünde jemleýär.Bina daşyndan seredeniňde özünde köp sanly kiçijik jaýlary jemleýän ýaly görünse-de, binanyň içi birsydyrgyn, bitewi giňişlige eýedir.

Bu desga köp ugurly bolar.Birinji gat ýerasty awtoulag duralgasy bilen birlikde täjirçilik jaýlary, ýokarda bolsa myhmanhanalar we öýler ýerleşer. Ýedinji gatdan on altynjy gata çenli 158 sany öýüň boljakdygy bellenilýär.

Iň ýokarky üç gaty penthouslar eýelär, olar biri-birinden baglar arkaly bölüner. 8-nji we 11-nji gatyň arasynda açyk eýwan bolup, ol ýerdäki “düňderilen jaý” binanyň daşky görnüşiniň esasy aýratynlyklaryndan biri bolar.

Binanyň açyk eýwanlary ösümlikler bilen bezeler.Taslama makullandy we gurluşygyň ýakyn günlerde başlamagyna garaşylýar. /* custom css */ .td_uid_15_6756de14da423_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6756de14da423_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Albaniýa 2030-njy ýyla çenli ÝB-e goşulmakçy
Geçen Ýyl 96 Ýurda Fystyk Eksport Edildi
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy