Ogulabat Berdimuhamedowa (1937 2023)

Ogulabat Berdimuhamedowa (1937  2023)

Mukaddes Remezan aýynda Milli Liderimiziň Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habary tutuş türkmen halky uly gynanç bilen kabul etdi.

Ogulabat eje milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde, el işlerine juda ussat halypa hökmünde bu beýik sungaty nesillere geçirmekde, mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde taýsyz hyzmatlary bitirdi. Ogulabat ejäniň ömür ýoly türkmen zenanlary üçin beýik mekdepdir.

Halka hem Watana, maşgala ojagyna wepadarlygyň, ýaş nesli iň asylly ýörelgeler esasynda terbiýelemegiň, milli ýörelgeleri we milli sungaty söýmegiň, goramagyň hem-de dowam etdirmegiň hiç mahal unudylmajak nusgasyny görkezen Ogulabat Berdimuhamedowa hakyndaky nurana ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar.

Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin!

Ýene degişli makalalar

Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna  anna agşamlary’ berilýär
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty
Mary welaýatynyň esasy metjidinde Gahryman Arkadagyň adyndan sadaka berildi
Dünýäniň bar görki enedir ene
El hünäri nesillere milli terbiýe mekdebi
Tegelek stol söhbetdeşligi