Oksford sözlüginiň birinji jildi çykýar

Oksford sözlüginiň birinji jildi çykýar

1884-nji ýylyň 1-nji fewralynda iňlis dilindäki iň ýaýran we ygtybarly gollanma hasaplanýan ilkinji Oksford sözlüginiň (Oxford English Dictionary) birinji jildi (A-dan Anta çenli) çap edilýär. Şol döwürden bäri barha ösýän bu dile täze girizilen sözlere hem düşündiriş berýän sözlük diňe iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin däl, ene dili iňlisçe bolanlar üçin zerur gollanma hasaplanýar.

Dürli göwrümdäki nusgalary bolan sözlükde iňlisçe sözleriň dünýäniň haýsy sebitinde näme manyda ulanylýandygy hem görkezilýär.

Ýene degişli makalalar

NFT 2021-nji ýylyň esasy sözi diýlip saýlandy
Oksfordyň Alymlary Howply Geniň Bardygyny Kesgitlediler
Beýik Britaniýa 2040-njy ýyla çenli kwant hasaplamalarynda lider bolmagy maksat edinýär
Kembrij sözlügi 2021-nji ýylyň esasy sözüni yglan etdi
Oksford instituty Brent nebitiniň bahasy bilen bagly çaklamasyny mälim etdi
ABŞ-da liseýde ýaragly hüjüm guraldy