Günorta aziýaly adamlaryn 60, ýewropalylaryň 15 göteriminiň şol geniň ýokary howply görnüşini göterýändigi beýan edildi.
Alymlar, sanjymlaryň şol howplary ýokary mukdarda azldýandygyny aýtdylar.
“Nature Genetiks” guramasynyň barlagy, Britaniýadaky we Günrota Aziýadaky käbir halklaryň koronawirus sebäpli näme sebäpden ýokary howp astyndadygyny açyp görkezýär.
Alymlar mundan ozalky genetiki barlaglara esaslanyp, artýan howplardan jogapkär bolan LZTFL1 atly geni doly kesgitlemek üçin emeli zehiniň we täze molekulýar tehnologiýanyň komibinasiýasyndan peýdalandylar.
Geniň howply görnüşüniň Afrika-Karaip asylly adamlaryň 2 göteriminde we gündogar aziýaly adamlaryň 1,8 göteriminde bardygy çaklanylýar.
Baş ylmy-barlagçy Professor Jeýms Dawies howply geniň ähli populýasiýalara şol bir derejede täsir ýetirmeýändigini, emma açyşyň möhümdigini beýan etdi.
Dawies esasanda ýaş bilen birlikde çylşyrymly faktorlaryň her biriniň adamyň şahsy howpuny ýüze çykarýandygyny aýtdy.
Alymlar geniň howply görnüşiniň adamlaryň öýkenlerini koronawirusa has ynjyk ýagdaýa getirýändigini pikir edýärler.
