ABŞ-da liseýde ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-da liseýde ýaragly hüjüm guraldy

Oklend etrabynyň Şerif bölümi, Oksford liseýinde okuwçylaryň biriniň mekdebe getiren ýaragy bilen 6 adamy ýaralandygyny habar berdi.

Liseýde SWAT topary we howadan dikuçarlar arkaly geçirilen operasiýanyň netijesinde, ýaragly okuwçy tussag edildi.

Okuwçynyň ýaragynyň içinden 15 bilen 20 aralygynda okuň çykandygy, tussag edilen mahaly hüjümçiniň garşylyk görkezmändigi aýan edildi.

Hüjümçiniň hüjüm bilen bagly beýanat bermekden saklanandygy bellenip, hüjümçiniň ýeke başyna hereket edendigine ynanylýandygy mälim edildi.

Hüjümçiniň şol liseýde bilim alýan 15 ýaşynda bir erkek okuwçydygy beýan edildi.

Resmiler 40 ýyla golaý wagt bäri Miçigan ştatynda bular ýaly hadysanyň başdan geçirilmändigini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

101 ýaşly türgeniň 17-nji altyn medaly
Tennis täzelikleri
TENNIS TÄZELIKLERI
Mermer kömek etmedi. Aşgabat ýaşamak üçin iň rahat şäherleriň reýtinginde yzda süýrenýär
Iň uzak uçuş synagdan geçiriler
Dört ýyldan soň, ilkinji çempionlyk