Onlaýn bank hyzmatlary kämilleşdirilýär

/* custom css */ .td_uid_19_60d51ed88a313_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60d51ed88a313_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirilýär, ilata hödürlenýän bank hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär.

Bu ulgamda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bank ulgamynda ilat üçin ýokary amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy raýatlar üçin bähbitlidir. Çünki nagt däl hasaplaşyklar raýatlaryň pulunyň goraglylygyny, wagtynyň tygşytlanmagyny üpjün edip, ýeňillikli töleg geçirimlerini, karz almak we goýum goýmak bilen baglanyşykly amatly şertleri döredýär. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanýan raýatlara hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak hem-de dürli ýeňillikleri döretmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen hasaplaşyklary geçirmek üçin internet-bank ulgamy taýýarlanyldy.

Onlaýn usulda karz serişdeleriniň berilmegi ýurdumyzdaky bank hyzmatlarynyň dünýä tejribesi esasynda kämilleşdirilýändigini hem-de müşderilere edilýän hyzmatlaryň ýokary derejede bolmagyna aýratyn üns berilýändigini subut edýär. Şunda, ilkinji nobatda, innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar.

Karz hyzmatlarynda täze maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy banklaryň işine hem-de hyzmatlarynyň özüne çekijiligine oňaýly täsir edýär.Karz almak isleýän raýatyň şahsy maglumatlaryny internet arkaly girizmegi nobata durmak zerurlygyny aradan aýryp, wagtyny tygşytlaýar.

Mundan başga-da, onlaýn karz hyzmatynyň ýola goýulmagy diňe bir resminamalaryň we pul serişdeleriniň dolanyşygynyň tizligini artdyrman, eýsem, müşderileriň sanynyň artmagyna hem mümkinçilik döredýär. Şeýle-de, müşderi-bank gatnaşyklary has ygtybarly görnüşe eýe bolýar, bu bolsa müşderiler bilen täzeçe usulda işleşmäge ýardam edýär.

Müşderileriň rahatlygy hem-de wagtynyň tygşytlanmagy üçin karz serişdelerini almakda gerekli bolan resminamalaryň deslapky seredilmegi we öwrenilmegi üçin olaryň bankyň internet sahypasyna skanerlenip ýa-da jpg (surat) görnüşinde ýüklenip ýollamak mümkinçiligi ýola goýlan.

Resminamalar gözden geçirilenden soň bank işgärleri müşderiler bilen habarlaşyp, netijeler barada maglumat berýärler. Ýollanan resminamalar talabalaýyk bolan ýagdaýynda degişli resmileşdirme işlerini geçirmek üçin müşderi resminamalaryň asyl nusgalaryny banka tabşyryp, degişli karz serişdesini alyp bilýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan hödürlenýän onlaýn karz hyzmaty ähli babatda müşderileriniň rahatlygyny we amatly şertlerde bank hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.Umuman, milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bank hasaplaşyklaryny döwrebaplaşdyrmaga we halkara derejesine çykarmaga, şeýle hem raýatlara amatly hyzmatlary hödürlemäge şert döredýär.

Bu hyzmat bankymyzyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmek we müşderilerine döwrebap hyzmat etmek boýunça toplan uly tejribesiniň netijesidir.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň alyp barýan belent tutumly işleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna şert döredýär.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!Aýna Aýnazarowa, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Maglumat we tilsimatlar müdirliginiň esasy hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Konstitusion özgertmeler döwrüň talabydyr
Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň Futbol assosiasiýalary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişdiler
Gazagystan bilen Özbegistan 2034-nji ýylda Futbol boýunça dünýä kubogyny geçirmek üçin ýüztutma bermegi meýilleşdirýärler
Merkezi Aziýanyň Futbol federasiýalary Dünýä çempionatyny geçirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar
TÝL ― 2020: çempiona baýraklar gowşuryldy
Altyn Asyr bäşinji gezek Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy