Oskar baýragyny gazanan iň ýaşuly aktýor aradan çykdy

Kanadaly dünýä belli aktýor, Oskar baýragyna laýyk görlen iň ýaşuly aktýor Kristofer Plammer 91 ýaşynda aradan çykdy. 1929-njy ýylyň 13-nji dekabrynda dünýä inen aktýor ilkinji keşbini 1958-nji ýylda “Stage Struck” filminde janlandyrdy. 67 ýyllyk sungat karýerasynda 200-e golaý filmdir serialda, telefilmlerde, animasiýalarda dürli keşpleri ýerine ýetirdi. 2010-njy ýylda “Beginners” filmindäki keşbi bilen Oskaryň ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragyna laýyk görüldi.

Ol 82 ýaşynda bu baýragy almak bilen, Oskara mynasyp bolan iň ýaşuly aktýor hökmünde taryha girdi.Meşhur sungat işgäri 88 ýaşynda-da “All the Money in the World” filmindäki keşbi bilen Oskaryň dalaşgärligini gazanyp, muny başaran iň ýaşuly aktýor bolupdy.

Oskardan başga-da BAFTA, Emmi, Altyn globus, Aktýorlar gildiýasynyň baýraklaryna hem mynasyp boldy.Teatryň sahnasyna onlarça keşp janlandyran Plammer Şekspiriň keşbini janlandyrmakda özüni tanadypdy. “Broadway”-de ilkinji gezek 1954-nji ýylda sahna çykan Plammer teatr sungatynyň Oskary bolan Tony baýragyna hem laýyk görlüpdi.

The post Oskar baýragyny gazanan iň ýaşuly aktýor aradan çykdy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Jon Trawolta 70 ýaşyny belledi
Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
20-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Oskarly režissýor Nolan täze filmine “Hollywood”-yň ýyldyzlaryny çagyrdy
Şa ýolbars iň köp tomaşa edilýän multfilm
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar