Owazy äleme ýaýran dutarym

Owazy äleme ýaýran dutarym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri çekilen zähmete, döredijilige, sungata mynasyp baha berilýän zamana.Ine, şeýle ajaýyp zamananyň waspyny ýetirmek bagtyna eýe bolan medeniýet işgärleri, döredijilik adamlary bu günki gün dünýäniň çar künjeginde geçirilýän halkara festiwallara, bäsleşiklere, ylmy-amaly maslahatlara onlaýn görnüşde yzygiderli gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döredilen sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, medeniýet ulgamynda-da uly üstünlikler gazanylýar. Şu ýylyň 11-nji iýun — 2-nji awgusty aralygynda Russiýa Federasiýasynda guralan Medeniýetleriň birligi — sungatlaryň birligi atly festiwalyň çäklerinde halk saz gurallarynda ýerine ýetirijileriň arasynda geçirilen Kalbyň owazy atly halkara onlaýn bäsleşigine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Laçyn Hudaýberdiýewanyň gatnaşyp, birinji orna mynasyp bolmagy aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Russiýa Federasiýasyndan gelip gowşan bu şatlykly habary eşidip, ussat mugallymy gazanan ýeňşi bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. —Laçyn mugallym, halkara onlaýn bäsleşiginde gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys, ýeňişleriňiziň höwri kän bolsun!

Mugallym, söhbedimiziň başynda bäsleşik hem-de oňa gören taýýarlygyňyz hakynda aýdyp beräýseňiz?! — Gutlaglaryňyz üçin sag boluň!Bu halkara derejesindäki medeni çäre milli saz guralymyz — dutarymyz bilen dünýä halklaryny ýakyndan tanyşdyrmaga uly mümkinçilik döretdi. Şeýle abraýly medeni çärede türkmen halk sazlarymyz bilen üstünlikli çykyş edendigim üçin, özümi bagtly saýýaryn.

Bäsleşik hakynda aýtsam, dürli ýaşdaky zehinli sazandalaryň bu bäsleşige gatnaşmaga hukugy bar.Men halk saz gurallarynda ýekelikde saz çalmak ugry boýunça çykyş etdim.Bu bäsleşigiň esasy maksady halk saz gurallarynda milli sazlaryň ýerine ýetirijilik däplerini gorap saklamakdan, dowam etdirmekden, Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde we GDA ýurtlarynda ýaşaýan köp sanly halklaryň döredijilik dialogyny goldamakdan ybarat.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda bilim alýan talyplar bilen bir hatarda, ýaş mugallymlar hem halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere, maslahatlara, ussatlyk sapaklara gatnaşyp gelýärler.Menem sanly ulgam arkaly bu bäsleşige gatnaşyp, zehinimi synamagy, türkmen sazymyzy, milli dutarymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmagy maksat edindim.

Sungat arkaly dünýä halklarynyň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys. — Geçmişde türkmeniň ýaşyl ýaýlasyna ýaň salan, millilik ruhuny özünde jemleýän dutaryň belent owazy bagtyýarlyk döwrümizde dünýäni haýrana goýýar.

Bäsleşikde ýerine ýetiren sazlaryňyz hakyndaky gürrüňleriňiz okyjylarymyz üçin gyzykly bolsa gerek?! — Bäsleşigiň şerti boýunça her sazanda iki sany milli sazyny çalyp, ýazgysyny ugratmaly.Men hem türkmen halk sazy Şirin-şeker bilen Şadilli mukamyny ýerine ýetirdim. Şirin-şeker depginli saz bolup, diňleýjini özüne maýyl edýän konsert eseridir. Şadilli mukamy bolsa ýedi mukamyň biri bolup, ritmiki taýdan kyn, ýerine ýetirijilik taýdan çylşyrymly, kän türgenleşigi talap edýän sazdyr.

Bu sazlary näçe köp çalsaň, şonça-da ussatlygyň artýar.Hormatly Prezidentimiz Ile döwlet geler bolsa...atly kitabynda: Türkmen mukamlary — bu biziň halkymyzyň geçen şöhratly taryhy ýolunyň saz beýanydyr.

Bu milletiň ykbalyny, türkmenleriň özboluşly gylyk-häsiýetini, ahlak dünýäsiniň baýlygyny we arassalygyny görkezýän aýnadyr diýip belleýşi ýaly, dutarda çalynýan milli sazlarymyz türkmen halkynyň kalbyny aýdyň şöhlelendirýär. — Mugallym, halkara onlaýn bäsleşiginiň guramaçylyk komitetinden halypaňyz Orazmyrat Annanepesowyň adyna medeniýetiň we sungatyň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk hatynyň gelip gowşandygyny hem bellemelidiris.

Halypaňyz dogrusynda hem aýdyp beräýseňiz?! — Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halypa-şägirtlik ýoly täzeden dikeldildi.Halypam Türkmenistanyň halk artisti, Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Orazmyrat Annanepesow meniň inçe sungaty ussatlyk bilen öwrenmegime uly ýardam etdi.

Teleýaýlymlarda, konsertlerde ýa-da medeni çärelerde çykyş etmeli bolsam halypamyň öňünden geçmän, sahna çykmaýaryn.Kämillige tarap ädimler ädildigiçe, özüňe bolan talap güýçlenýän eken.Sungatda başarnygyň köp ýyllaryň tejribesini talap edýändigine göz ýetirdim.

Ussat halypalar bilen işleşip, olardan tälim alyp ugran günümden bäri, olaryň her bir aýdymdyr sazlary ýürekden syzdyryp, ýürege ýetirişlerini synlap, halypalardan bize öwrenmäge zadyň juda kändigine düşünýärin. — Laçyn mugallym, özüňizden başga maşgalaňyzda aýdym-saz bilen gyzyklanýan barmy?! — Biz dokuz dogan, iň kiçileri men.

Doganlarymyň bäşisi aýdym-saz ugrundan bilim aldylar.Häzirki wagtda-da medeniýet, sungat ojaklarynda zähmet çekýärler. Çagalarym hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda hünär öwrenýärler.

Adam isle şahyr bolsun, isle daýhan, isle artist, tapawudy ýok, islendik kärde bolanda-da, owaly bilen hünärine ýüregini bermegi başarmaly.Maňa kiçiligimden hiç kim maslahat berip, Dutarçy bol diýmedi.

Aslynda, bu meniň ykbalym eken. Çaga wagtlarym hem ekiz gyz doganlaryma: Dutar çalmagy öwrediň!diýip, gün bermeýän ekenim.Kakam şahyrdy, özem aýdym-sazyň ölemen aşygydy. Öýümizde medeniýete, sungata aýratyn hormat goýulýardy. — Mugallym, bosagada mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy dur.

Her bir sungat işgärem baýramçylyklara öz toý sowgady bilen barýar.Sizem halkara bäsleşiginde gazanan ýeňşiňiz bilen baýramçylyga uly sowgat etdiňiz! — Hawa, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna baýramçylyk sowgady bilen barmak arzuwym bardy.

Gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlap, Mukamym sen Aşgabat atly sazy döretdim.Bu saza-da kakam Hudaýýar Deňliýewiň sözlerine Watan diýip aýdym işledim.Nesip bolsa, ýakyn günlerde şol aýdymy ildeşlerimize ýetireris diýip umyt edýärin. — Laçyn mugallym, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Ýene bir gezek ýeňşiňiz bilen gutlaýarys! Ýaşlara hünär öwretmek, bilim bermek ýaly asylly işiňizde, sungat äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris! — Sag boluň!

Biz — medeniýet işgärleri üçin ähli zerur şertleri döredip berýän, türkmen medeniýetini dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!Söhbetdeş bolan: Gülzada Guldurdyýewa

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
10.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
TMK-niň talyby Türkmenistanda ilkinji bolup çagalar sungat mekdepleri üçin multimedia okuw gollanmasyny taýýarlady
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasyndaky bäseşigiň 2021-nji ýyldaky ýeňijileri belli boldy
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi