Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda il-ýurt ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mähriban halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli syýasy, ykdysady we medeni özgertmeler berkarar Watanymyzy täze sepgitlere çykaryp, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşýar.

Saglygy goraýyş ulgamy hem ýokary derejelere ýetdi.Ulgamyň ylmy we hukuk esaslary yzygiderli berkidilýär.Keselleriň netijeli öňüni almak, bejermek, saglygy goraýyşda gazanylan öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şoňa görä-de, Garaşsyz Diýarymyzda Türkmenistariyň Prezidentiniň Saglyk döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, raýatlarymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, ömür dowamlylygyny uzaltmak üçin örän uly işler durmuşa geçirilýär.

Mähriban Watanymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmek, öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine çykarmak boýunça alnyp barylýan bu tutumly işler halkara derejesinde giňden ykrar edilip, Garaşsyz döwletimiz köp sanly güwänamalara eye boldy. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň uly paýy bardyr.

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde uly zähmet üstünliklerini gazanandyklary, adamlaryň saglygyny dikeldip, ýurduň baýlygyny artdyrandyklary, keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş hem-de olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrandyklary, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Gökdepe şäherindäki Ene mähri merkeziniň şepagat uýasy Şasoltan Ataýewna Ataýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany Mähri Artykowna Annabaýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň merkezleşdirilen barlaghanasynyň lukmany Şirin Mekandurdyýewna Jumakulyýewany;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

Türkmenistanyň halk lukmany diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi boýunça müdiri Nurmämmet Öweznepesowiç Serdarowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Türkmenbaşy şäher hassahanasynyň baş lukmany Tahyr Annataganowa;

Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Stomatologiýa merkezi boýunça orunbasary Ýagmyr Orazmuhammedowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi boýunça orunbasary Gylyçnepes Oraznepesowiç Annanepesowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi boýunça orunbasary Täçmyrat Durdymuhommedowiç Altyýewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň hirurgiýa toplumynyň Anesteziologiýa we intensiw bejeriş bölüminiň müdiri Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň endokrinologiýa toplumynyň Anesteziologiýa we intensiw bejeriş bölüminiň müdiri Myrat Amanowiç Gutlyýewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Stomatologiýa merkeziniň lukmany Raşid Nurislamowiç Ýusupowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň dosenti Atadurdy Annalowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň Hirurgiýa bölüminiň müdiri Baýramberdi Guldurdyýewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýat Köpugurly hassahanasynyň Newrologiýa bölüminiň müdiri Ýegenmet Guwançewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat Köpugurly hassahanasynyň Toksikologiýa we gemodializ bölüminiň müdiri Murat Çölliýewiç Haknazarowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýat Köpugurly hassahanasynyň Infarkt bölüminiň müdiri Ataguly Kulyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 03-nji oktýabry

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş işgärleriniň 70-e golaýyny sylaglady
10.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmen okuwçylary matematika internet-olimpiadasynda baýrak aldylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Owazy äleme ýaýran dutarym