BMG-nyň Ynsanperwer işlerden jogapkär Baş sekretarynyň orunbasary Martin Griffits, soňky 1 ýyl bäri Talibanyň häkimiýetiniň astynda bolan Owganystandaky ýagdaý barada BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine maglumat berdi.
Martin Griffits Owganystanda çuňlaşan garyplyga ünsleri çekip, ýurtdaky 6 million adamyň açlyk howpunyň astyndadygyny mälim etdi.
Owganystanyň ykdysady galkynyşy üçin donor ýurtlara gazna bilen üpjün etmekleri barada çagyryş beren Griffits, owganlaryň öňümizde gelýän gyşy geçirip bilmekleri üçin gyssagly 770 million dollara zerurlygyň bardygyny habar berdi.
Beýleki tarapdan Russiýanyň BMG-daky hemişelik wekili Wasiliý Nebenziýa eden çykyşynda, ABŞ-nyň we NATO agza ýurtlaryň Owganystanda geçiren 20 ýylyny göz öňünde tutup, ony 20 ýyllyk masgara kampaniýa hökmünde häsýetlendirdi.
ABŞ-ny we NATO agza ýurtlary göz öňünde tutan Nebenziýa, ýurduň ykdysadyýetini galkyndyrmak üçin hiç zat etmändiklerini, Owganystanda galmaklarynyň diňe ýurduň terror batgalygyny we neşe maddalarynyň önümçiligini güýçlendirendigini beýan etdi.
Beýleki tarapdan bolsa ABŞ-nyň BMG-daky Hemişelik wekili Linda Tomas Grinfild, Talibanyň durmuşa geçirýän syýasatlarynyň owgan halkyny goramagyň ýerine olara basyş edýändigini we açlyk çekdirýändigini habar berdi.
ABŞ-nyň Owganystana donor ýurtlaryň başyndadygyny we soňky 1 ýylda 720 million dollardan gowrak ynsanperwer kömek bilen üpjün edendigini aýdan Linda Tomas Grinfild, Russiýanyň we Hytaýyň bolsa bu ýurda berýän goldawynyň örän azdygyny mälim etdi.
