Owganystanda Talibana garşy operasiýa geçirilýär

Owganystanda Talibana garşy operasiýa geçirilýär

Owganystanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, ýurdyň günortasyndaky Kandagar şäheriniň Arghandab diýilen ýerinde Talibana garşy giň göwrümli operasiýanyň geçirilendigi habar berildi.

Beýanatda sebitiň gözegçiliginiň üpjün edilendigi, Talibana agza 75 başbozaryň bolsa öldürilendigi mälim edildi.

Mundan başgada ýurdyň Zabul, Kunar, Nangarhar we Takhar sebitlerinde hem Talibana garşy saplaýyş operasiýalaryň geçirilýändigi we ençeme başbozaryň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Kandagaryň Içeri işler müdürligi tarapyndan berilen beýanatda hem öldürilen başbozarlaryň arasynda Talibanly serkerdeleriň hem bardygy mälim edildi.

Talibanyň metbugat sekretary Zabihullah Müjahid beren beýanatynda bolsa, ýurdyň paýtagty Kabulyň Panja Çinar diýilen ýerinde partlaýjy ýüklenen ulag bilen guran hüjümlerinde 45 esgeriň öldürilendigini ýa-da ýaralanandygyny, howpsuzlyk güýçlerine degişli köp sanda ulagyň ýok edilendigini öňe sürdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Hindistan-Pakistan dartgynlylygy Türkmenistanyň iri energetika taslamasynyň geljegine kölege salýar
Taliban Şwesiýanyň Owganystandaky ähli işlerini togtatdy
Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy