Ožieniň möwsümdäki 2-nji üstünligi

Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň 3-nji ýaryşy Meksikanyň Guanahuato ştatynda geçirildi. 316,51 kilometrlik trassany 3 sagat 37 minut 08 sekuntda geçmegi başaran fransiýaly Sebastian Ožie (“Citroen”) ýeňiş gazandy.

Geçen ýaryşda ilkinji gelmegi başaran “Toyota Gazoo” toparyndan estoniýaly Ott Tanak 30,2 sekunt yza galyp 2-nji, britaniýaly pilot Elfin Ewans (“Ford”) bolsa 3-nji ýeri eýeledi.Geçirilen 3 ýaryşdan soň, Tanak 65 utuk bilen birinjiligini saklaýar.

Soňky 6 ýylyň çempiony Sebastian Ožie 61 utuk bilen 2-nji orna geçdi.Belgiýaly sürüji Tierri Noýwill 3-nji hatarda (55 utuk) barýar.Indiki ýaryş şu aýyň aýagyna Fransiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

“Toyotalylara” taý tapylmady
Ožieniň 7-nji çempionlygy
2-nji ýeri eýelese-de, çempionlyk gazandy
“Toyotalylara” Ýaponiýada taý tapylmady
Belgiýada belgiýaly sürüji ýeňiş gazandy
“Toyota”-nyň sürüjisi “Hyundai”-niň sürüjisinden öňe saýlandy
50-nji ýeňşi