Pakistan-Owganystan Serhedinde Çaknyşyk Boldy

Pakistan-Owganystan Serhedinde Çaknyşyk Boldy

Pakistanyň we Owganystanyň howpsyzlyk güýçleri iki ýurduň arasyndaky Torkham gümrük geçelgesinde biri-birine od açdy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, howpsyzlyk güýçleri iki ýurduň arasyndaky Torkham gümrük geçelgesinde biri-birine od açdy.

Habarda waka sebäpli ýogalanyň ýada ýaralananyň bolup bolmandygy barada maglumat berilmedi.

Talibanyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümetiň gümrük geçelgesini düýn bir taraply ýagdaýda ýapandygy sebpäpli şeýle wakanyň başdan geçirlendigi nygtalýar.

Beýleki tarapdan Owganystanly hassalaryň we hossarlarynyň degişli syýahat resminamasy bolmandygy üçin Pakistana girmegine rugsat berilmändigi, şol sebäpli Talibanyň hem gümrük geçelgesini ýapandygy öňe sürülýär.

Soňky döwürde iki ýurduň gümrük geçelgesinde ýygy-ýygydan çaknyşyklar bolýar.

Çaman-Spin Boldak gümrük geçelsinde 2022-nji ýylyň 11-nji we 15-nji dekabrynda çaknyşyk bolupdy.

Çaknyşyklarda azyndan 8 adam ýogalypdy, 40 adam hem ýaralanypdy.

Pakistan-Owganystanda serhedi 2 müň 670 kilometrden ybarat we iki ýurduň arasynda 18 sany gümrük geçelgesi bar.

Ýene degişli makalalar

Pakistan Owganystana howa hüjümini gurady
Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy