Pakistanda bombaly hüjüm guraldy

Pakistanda bombaly hüjüm guraldy

Ýurduň milli metbugatynda berilen habarlara görä Belujistan welaýatynyň Keç sebitinde ýoluň ugrunda ýerleşdirilen bomba, ýönekeý raýatlary daşaýan ulagyň geçýän mahaly partladyldy.

Bombaly terrorçylykly hüjümde aralarynda Belujistan Halk partiýasyndan Ishak Ýakub hem bolan jemi 7 adam ýogaldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.

Demirgazyk Weziristan sebitinde şu gün irden guralan bombaly hüjümde hem är-aýal bolan 2 adam ýogaldy.

Ýurtda esasan hem Haýber Pahtunhwa we Belujistan welaýatlarynda soňky aýlarda terrorçylykly hüjümler artdy.

Resmi Yslamabad şol hüjümleriň Owganystanda ýerleşen Pakistan Talibany atly topar tarapyndan meýilleşdirilýändigini we dolandyrylýandygyny aýdýar, Owganystan bolsa şol öňe sürmeleri ret edýär.

Ýene degişli makalalar

Pakistan Owganystana howa hüjümini gurady
Owganystan Bilen Pakistanyň Arasyndaky Gümrük Geçelgesi Ýaňadandan Açyldy
Taliban, ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Owganystandaky Ilçihanalaryny Açmagyny Isledi
Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy