Papandreu Türkiýe bilen Gresiýanyň Arasndaky Dialogyň Möhümdigini Beýan Etdi

Papandreu Türkiýe bilen Gresiýanyň Arasndaky Dialogyň Möhümdigini Beýan Etdi

“To Wima” gazetine beýannama beren Ýorgo Papandreu, Türkiýe bilen Gresiýanyň 2004-nji ýylda kontinental şift meselesini çözmäge iňňän golaý barandyklaryny öňe sürüp; “Emma soň saýlawlar boldy” diýdi.

Özara gatnaşyklarda dialogyň möhümdigini nygtan Papandreu; “Dialog gorkusy güýçsüzlik duýgusyny emele getirýär. Üçünji taraplaryň töwellaçy hökmünde goşulyşmasy üçin giňişlik döredýär, emma garaşylşy ýaly öz bähbitleri bilen” diýdi.

Papandreu Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda aragatnaşyk ugurlarynyň açyk bolmagynyň möhümdigini beýan edip, resmi Afynynyň üçünji ýurtlar bilen edýän ýaranlyklary hakynda bolsa; “Meniň tejribäm şuny görkezýär; “duşmanymyň düşmany dostumdyr” düşünjesinde, pozitiw gün tertibi has netijeli bolýar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Watikan, Türkiýäniň Töwellaçylyk Tagallalaryna Kanagatlanma Bildirýär
Papa Frankis Ýer Titremesinde Ejir Çekenler Bilen Arkalaşyk Üçin Çagyryş Etdi
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä ynsanperwer kömekler gelmäge dowam edýär
Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi
Hataý
Rim Papasy Wengriýada Saparda Bolýar
Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar