Pari Sen-Žermen 1-nji, Bawariýa 11-nji gezek finalda

UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda çykyş etjek 2 topar hem belli boldy. Ýekşenbe güni oýnaljak finalda Pari Sen-Žermen bilen Bawariýa duşuşar.Iki topar hem ýarym finaldaky garşydaşlaryny 30 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Ýagny, Fransiýanyň çempiony PSŽ nemes kluby Leipsigi, Germaniýanyň çempiony Bawariýa bolsa, fransuz kluby Liony birmeňzeş hasap bilen ýaryşdan çykardy.

Her topar hem gollarynyň ikisini 1-nji ýarymda geçirdi.PSŽ toparynyň gollaryny 13-nji minutda Markinios, 42-nji minutda Anhel Di Mariýa, 56-njy minutda-da Huan Bernat derwezä girizdi.

Bawariýanyň gollaryny bolsa, 18-nji we 33-nji minutlarda Serž Gnabri hem-de 88-nji minutda Robert Lewandowski tora saldy.Duşuşyklarda ýeňlişe sezewar bolan toparlaryň oýunçylary, aýratynam lionly futbolçylar örän amatly pursatlaryň birnäçesinden ýerlikli peýdalanyp bilmedi.PSŽ 41-nji finalçyŞunlukda, PSŽ taryhynda ilkinji gezek, Bawariýa bolsa 11-nji sapar Çempionlar ligasy ýaryşynyň finalynda çykyş eder.

PSŽ finala çykan 41-nji topar boldy. Şeýle-de PSŽ finala çykan 5-nji fransuz kluby bolup, ondan öň Reýms (1956, 1959), Sent Etien (1976), Marsel (1993) hem-de Monako (2004) klublary muny başarypdy.

Olardan diňe Marsel toparyna kubogy gazanmak miýesser edipdi. 16 ýyldan soň finala çykan ilkinji fransuz kluby PSŽ Ýewrokuboklarda 2-nji sapar finalda çykyş eder.Bu görkeziji nemes toparynda UEFA-nyň ýaryşlary üçin 17-ä deňdir.

Eger finalda PSŽ ýeňiş gazansa, onda parižliler bu kubogy eýelän 23-nji klub hökmünde hasaba alnar.Bilermenleriň pikirine görä, esasy faworit Bawariýa ýeňiş gazansa, onda olar 6-njy gezek kubogy eýeläp, bu ugurda Liwerpuldan öňe saýlanar we 3-nji basgançaga geçer.

Bawariýa ýeňlişsiz finala çykdyPSŽ finala çenli geçiren 10 oýnuň 8-sinde ýeňiş gazandy.Toparçada Real Madrid bilen myhmançylykda deňme-deň oýnan parižliler 1/8 finalyň 1-nji duşuşygynda Borussiýa Dortmunddan asgyn geldi.

PSŽ 10 duşuşykda 25 gol geçirip, 5 gol hem geçirtdi. 10 duşuşygyň ählisinde-de ýeňiş gazanan Bawariýa garşydaşlarynyň derwezesinden 42 gol girizip, Barselonanyň 45 golluk rekordyna golaýlady.Münhenliler öz derwezelerini 8 gezek goldan gorap bilmediler.Ozalky oýunlarda PSŽ öňdeIki topar mundan ozal, 8 gezek duşuşdylar. Şolaryň 5-sinde PSŽ, 3-sinde Bawariýa ýeňiş gazandy.

Gol gatnaşygynda-da fransuz kluby 1211 öňde.UEFA-nyň klub derejeli 1-nji ýaryşynyň 65-nji çempionyny kesgitlejek bu oýun Lissabonda geçiriljek 3-nji, Luž stadionyndaky 2-nji final bolar.PSŽ bilen Bawariýanyň arasynda oýnaljak ertirki final Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar.

Oýna italiýaly Daniele Orsato eminlik eder.

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Pari Sen-Žermen 1-nji, Bawariýa 11-nji gezek finalda
Lissabon Ýewropanyň innowasiýa paýtagty hökmünde saýlandy 
Dynç almak üçin iň arzan şäherler
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy
UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler