Pekinde çabgalar sebäpli 31 müňden gowrak adam göçürildi

Pekinde çabgalar sebäpli 31 müňden gowrak adam göçürildi

Hytaýa Doksuri deňiz harasatynyň getiren güýçli çabgalar sebäpli Pekinden 31 müňden gowrak adam göçürildi diýip, ýurduň CCTV teleýaýlymy habar berdi. Bu barada Interfax.ru ýazýar.

Sinoptikleriň maglumatlaryna görä, geçen hepdäniň şenbe agşamy bilen duşenbe gününiň ir säherine çenli ortaça 157,8 mm ygal düşdi diýip, ýurduň Sinhua habarlar gullugy habar berdi. Paýtagtyň etegindäki Fanşane obasynda 500,4 mm ygal düşdi.

Şäheriň häkimiýetleri howplulygyň iň ýokary— gyzyl derejesini yglan etdiler. Meteorologlar kiçeňräk derýalaryň kenarlarynda agyp sil joşmalarynydyr süýşgünleri döredip biljekdigini çaklaýarlar.

Çabgalar şeýle-de Hebeý, Týanszin ülkelerinde we Şansi ülkesinde dowam edýär.

Şu duşenbede Pekiniň aeroportlarynda 180 uçar gatnawlary ýatyryldy, paýtagtyň şaýollarynyň 350-sinde hereket togtadyldy, 275 awtobus gatnaw ugurlary doly işlemeýär, şäheretegi otly gatnawlary-da ýatyryldy.

Howa maglumaty gullugynyň işgärleri Hanun deňiz harasatynyň ýetip gelýändigini duýdurýarlar, ol bu hepdede Hytaýa düşer diýlip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň sessiýasy iýulda Hytaýda onlaýn görnüşde geçiriler
Kuala-Lumpurda Aziýa Kubogy 2023-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
Hytaý partiýanyň 100 ýyllygyny belledi
Hytaýly kosmonawtlar 13 ýyldan soň ilkinji gezek kosmosa çykdylar
Sadyr Japarowyň Orta Aziýa Ýurtlaryna Sapary
Hytaýda bir aýyň dowamynda ilkinji gezek ýurduň içinde ýekeje-de koronawirus hadysasy hasaba alynmady