Pekinde pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylda ýatyrylan marafon geçiriler

Pekinde pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylda ýatyrylan marafon geçiriler

Pekin marafonyny gurnaýjylar 31-nji oktýabrda koronawirus pandemiýasy sebäpli geçen ýyl ýatyrylan ýyllyk köpçülikleýin ylgaw ýaryşyny geçirmek kararyna geldiler. Bu barada Sinhua agentligine salgylanyp TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, ýaryş Týananmen merkezi meýdançasynda ýerli wagt bilen irden sagat 07:30-da başlar. Marafona 30 müňe golaý adam gatnaşmagy meýilleşdirýär. Pellehana Olimpiýa tokaý seýilgähinde bolar.

Çäre, takmynan, alty sagat dowam edip, oňa 20 ýaşdan uly, Pekinde ýaşamak üçin rugsatnamasy bolan HHR-iň raýatlaryna gatnaşmaga rugsat berilýär.Gatnaşmaga isleg bildirýänler ýaryş başlamazdan öň 21 günüň dowamynda Pekiniň çäginden çykmaly däl, şeýle-de olaryň her gün onlaýn režiminde saglyk ýagdaýlaryny täzeläp durmagy talap edilýär.

Mundan başga-da, bildirilýän talaplaryň arasynda koronawirusa garşy sanjym we ýaryş başlamazdan 72 sagat öň geçirilen PZR-barlagy bar.

Ýaryşa Hytaýyň iň gowy ylgawçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Pekin marafony 1981-nji ýyldan bäri her ýyl HHR-iň paýtagtynda geçirilýän halkara ýaryşdyr. 2020-nji ýylda dünýädäki epidemiologiki ýagdaý sebäpli ol ýatyryldy.

Ýene degişli makalalar

Pekinde çabgalar sebäpli 31 müňden gowrak adam göçürildi
ÝOKARY DEREJELI HALKARA FORUM DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň sessiýasy iýulda Hytaýda onlaýn görnüşde geçiriler
Kuala-Lumpurda Aziýa Kubogy 2023-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
Hytaý partiýanyň 100 ýyllygyny belledi
Hytaýly kosmonawtlar 13 ýyldan soň ilkinji gezek kosmosa çykdylar