Peskow Putiniň kompýuterde oýun oýnaýandygyny görmändigini gürrüň berdi

Peskow Putiniň kompýuterde oýun oýnaýandygyny görmändigini gürrüň berdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-kätibi Dmitriý Peskow onuň kompýuter oýnuna güýmenip oturandygyny görmändigini gürrüň berdi diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Meniň Prezidentiň kompýuter oýnuny oýnaýandygyndan habarym ýok. Muny öz gözüm bilen görmedim, hiç kimden eşitmedim diýip, Peskow aýtdy.

Golaýda Putin Moskwada Zotow merkezindäki sergini synlaýarka, dynç günleri däl-de, iş günleri kompýuterde oýun oýnaýandygyny aýdyp degişdi.

Men oýunlary dynç günleri oýanaýaryn diýip, Putin ýurduň wideooýunlar senagatyny ösdürmek guramasynyň başlygy Wasiliý Owçinnikowyň sowalyna beren jogabynda aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ärdogan gaz merkezi taslamasyny durmuşa geçirmekçi
Russiýada Goranmak ministriniň orunbasary derňew tapgyrynda tussaglykda saklanar
Russiýada ministriň orunbasary göz tussaglygyna alyndy
Peskow Türkiye-Russiýa gatnaşyklary barada beýannama berdi
Putin Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny yglan etdi
Eýranyň Prezidenti 7-nji dekabrda Russiýa barar