Piýa harasaty Daniýanyň kenarlaryna müňlerçe aýakgap getirdi

Piýa harasaty Daniýanyň kenarlaryna müňlerçe aýakgap getirdi

Daniýanyň demirgazygyndaky suwa düşülýän ýerlerde müňlerçe aýakgap çaşyp ýatyr, olar Daniýanyň kompaniýasynyň gämisi Piýa harasady wagty harytly 46 sany konteýneri ýitireninden soňra peýda boldy diýip, MIR 24 ýazýar.

Gämi Germaniýanyň Bremerhafen şäherinden Polşanyň Gdansk şäherine barýardy, 22-nji dekabrda gämi Demirgazyk deňizde ýükli konteýnerleri ýitirdi.

Bu akylyňa sygjak zat däl. Niräňe baksaň, köwüş çaşyp ýatyr diýip, ýerli DR teleýaýlymy deňiz inspektory Tosmas Duurloonyň sözlerini getirýär.

Köwüşlerden başga bu ýerde lukmançylyk enjamlarydyr kiçeňräk tigirçekleriň tekerleri hem bar.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly alymlar dünýäde ilkinji suwuk ýat döretdiler
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistan Dubaýda geçiriljek EKSPO sergisine ýokary derejede taýýarlyk görer
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi