Türkmenistan Dubaýda geçiriljek EKSPO sergisine ýokary derejede taýýarlyk görer

Türkmenistan Dubaýda geçiriljek EKSPO sergisine ýokary derejede taýýarlyk görer

5-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek “EKSPO” Bütindünýä sergisine düýpli taýýarlyk görmegi hem-de şonda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi tabşyrdy.

Biziň ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr, şoňa görä-de, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň baý ykdysady kuwwaty hem-de häzirki döwürdäki gazananlary, halkymyzyň köpasyrlyk özboluşly däp-dessurlary barada aýdyň düşünje almaklary üçin hemme mümkinçilikleri ulanmak zerurdyr, munuň şeýle bolmagyna iri möçberli halkara gözden geçirişlerine yzygiderli gatnaşylmagy gönüden-göni täsir edýär diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Dubaýda “EKSPO” Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň gyzyklanma bildirýän ýurtlar we kompaniýalar bilen özara gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmäge, daşarky bazarlarda ýurdumyzyň harytlaryny mahabatlandyrmaga we öňe ilerletmäge hem-de dürli ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere ykjam taýýarlyk görmek we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly alymlar dünýäde ilkinji suwuk ýat döretdiler
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

"Türkmenhowaýollary" agentligi ilkinji gezek "Airbus A330-200F" kysymly ýük uçary bilen doldurylar