Pol Pogba Ýuwentusa 3 hepde kömek edip bilmez

Pol Pogba Ýuwentusa 3 hepde kömek edip bilmez

Ýuwentusyň ýarymgoragçysy Pol Pogba şikes sebäpli ýene-de düzüme kömek berip bilenok.

Turinlileriň baş tälimçisi Massimiliano Allegriniň mälim edişi ýaly, futbolçy türgenleşiklerde şikes aldy.

Sapmdoriýa bilen boljak duşuşykdan ozal geçirilen türgenleşiklerde Pogba jerime urgularyny dürs ýerine ýetirmek bilen bagly türgenleşýärkä, aýagynda agyry syzdy. Geçirilen ilkinji lukmançylyk barlaglaryndan soň Pogbanyň Ýewropa ligasynda Fraýburg we ýekşenbe güni Seria A-da Inter bilen boljak duşuşyklara gatnaşyp bilmejekdigi anyklanyldy. Allegri Pogbanyň topara indi diňe FIFA-nyň günlerinden soň kömek edip biljekdigini aýdýar.

Fraýburg bilen Ýewropa ligasynda bolan birinji duşuşygy hem ýygnanyşyga giç gelendigi üçin goýbermeli bolan Pogba şikes sebäpli, ýekşenbe güni Sampdoriýa bilen bolan oýna hem alynmady. Bu duşuşykda Ýuwentus 4:2 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

“Ýuwentusyň” we “Milanyň” täze tälimçileri
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
“Ýuwentusyň” derdi gutaranok
“Ýuwentus” soňky demde hasaby deňledi
Ýuwentus Pogbanyň kluba dolanýandygyny yglan etdi
Ronaldu “Mançester Ýunaýtede” dolanmak üçin aýlyk hakynyň azaldylmagyna razy