Ýuwentus Pogbanyň kluba dolanýandygyny yglan etdi

Ýuwentus Pogbanyň kluba dolanýandygyny yglan etdi

Turiniň Ýuwentusy resmi saýtynda fransuz ýarym goragçysy Pol Pogba bilen şertnama gol çekişendigini mälim etdi. Futbolçy, Mançester Ýunaýted bilen şertnamasynyň möhleti dolansoň, erkin agentiň hukugynda Ýuwentusa mugt goşuldy.

Ozal Pogba Ýuwentusyň düzüminde çykyş edipdi.Fransiýaly türgen 2012 - 2016-njy ýyllar aralygynda turin klubunyň oýunçysy bolupdy. "Ýuwentusda" döwründe Pogba 177 oýna gatnaşdy, 34 gezek gol saldy we 40 gezek netijeli pas berdi. Ýarym goragçy "Ýuwentusyň" düzümindekä Italiýanyň çempiony boldy, iki gezek ýurduň Kubogyny gazandy we üç gezek Italiýanyň Superkubogynyň eýesi boldy.

Biraz soň Pol Pogba 105 mln ýewro "Mançester Ýunaýtede" geçdi.

Ýene degişli makalalar

“Ýuwentusyň” derdi gutaranok
“Ýuwentus” soňky demde hasaby deňledi
Pol Pogba Ýuwentusa 3 hepde kömek edip bilmez
Pol Pogbanyň üçünji ogly dünýä indi
Ronaldu “Mançester Ýunaýtede” dolanmak üçin aýlyk hakynyň azaldylmagyna razy
Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi