“Ýuwentus” soňky demde hasaby deňledi

UEFA Ýewropa Ligasynda ýarym finalyň 1-nji duşuşyklarynyň ikisi hem Italiýada oýnaldy. “Ýuwentus” öz meýdançasynda bu ýaryşyň iň köp kubok gazanan topary “Sewilýany”, “Roma” bolsa “Baýeri” kabul etdi.

Turindäki oýunda ilkinji bolup hasaby açmak myhmanlara başartdy. 26-njy minutda Ýussef En-Nesiri “Sewilýany” 1-0 öňe saýlady. Italýan kluby bolsa bu gola oýnuň soňkuja minutlarynda, hatda sekuntlarynda jogap berdi. Oýna soň goşulan Gatti fransiýaly Pogbanyň pasyndan soň 90+7-nji minutda hasaby deňläp, Goja Sinýorany ýeňlişden halas etdi.

Paýtagt Rimdäki oýunda ýer eýeleri nemes topary “Baýeri” 1-0 hasabynda utdy. “Roma” ýeňiş getiren ýeke-täk goly 63-nji minutda Edoardo Bowe derwezä girizdi.

Jogap oýunlary 18-nji maýda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

“Ýuwentusa” taryhy jerime 15 utugy aýryldy
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
“Ýuwentus” Ýewropanyň çempionyny transfer etdi
Rowaýaty derwezeçi 20 ýyldan soň ilkinji klubuna dolandy
Ronaldo taryhda ilkinji futbolçy
Buffonyň 22-nji, Ronaldonyň 5-nji kubogy