“Ýuwentus” Ýewropanyň çempionyny transfer etdi

Italiýanyň “Ýuwentus” topary “Sassuolo” toparyndan Manuel Lokatellini transfer etdi.Goja Sinýora 23 ýaşly ýarymgorgaçyny 2 ýyllyk kärendesine düzümine goşup, bu möhlet tamamlananyndan soň 37,5 million ýewro berip, mejbury ýagdaýda ymykly düzümine goşar.

Professional karýerasyna “Milanda” başlan Lokatelli 2018-nji ýylyň tomsundan bäri “Sassuoloda” oýnap gelýär.Italiýanyň ýygyndysy bilen Ýewropanyň çempiony bolan Lokatelli milli toparynyň çempionlygyna uly goşant goşupdy.Ol çempionatda 5 oýunda 2 gol geçiripdi.

Lokatelli täze toparynda 27-nji belgili köýnekçäni geýer.

“Ýuwentus” topary Braziliýanyň “Santos” klubundan 19 ýaşly hüjümçi Kaio Žorženi hem 3 million ýewro transfer etdi. Ol 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
“Milan” ýeňlişsiz barýar, ýöne…
Ronaldo taryhyň iň köp gol geçiren futbolçysy
Ronaldu karýerasynda geçiren gol sany boýunça dünýä rekordyny gaýtalady