Portugaliýada köçeden çakyr derýa bolup akdy

Portugaliýada köçeden çakyr derýa bolup akdy

Portugaliýanyň Anadiýa şäheriniň köçelerinden çakyr derýa bolup akdy, muňa çakyr öndürýän zawodda heläkçilik sebäp boldy diýip, JN neşirine salgylanýan Mail.ru habar berýär.

Içginiň müňlerçe litri şäherdäki Destilaria Levira çakyr zawodynda iki ätiýaçlyk çelegiň ýarylmagy netijesinde köçeleri doldurdy.

Wakanyň şaýatlary wideoşekiller arkaly gyzyl çakyryň köçeden akyşyny görkezdiler. Hasaplamalara görä, spirtli içginiň 2,2 million litri harap boldy. Häzir olary ýygnamak we hapa suwlaryň arassalanylýan stansiýasyna ibermek başartdy. Kärhananyň işgärleri çakyrdan ejir çeken şäher binalaryny arassalaýarlar.

Şäher geňeşiniň başlygynyň orunbasary Horhe Sampaýo çakyryň Sertima derýasyna düşmeginden ätiýaçlanandyklaryny, munuň ekologik heläkçilige getirip biljekdigini aýtdy.

Destilaria Levira kärhanasy ýetirilen maddy zyýan üçin jogapkärçiligi öz üstüne aldy. Wakada hiç kim ejir çekmedi.

Ýene degişli makalalar

Hünärmenler dünýäde iň gowy peýniri saýladylar
Meksikada 2 müň adam çemçede ýumurtga göterip ylgamak ýaryşyna gatnaşdy
Daily Mail: 66 ýaşly zenan syýahat gämisinden suwa böküp, ýitirim boldy
Kanadanyň Mediasy: “Trýuda Duşenbe Güni Wezipeden Çekilip Biler”
Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Ýaponiýada gürleşmek we saz diňlemek gadagan edilýän kafe açyldy
Ýaponiýada pingwinlere mekdep torbalary paýlandy