Post Shop söwda platformasy 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmatyny girizýär

Post Shop söwda platformasy 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmatyny girizýär

Post Shop onlaýn dükany sarp edijilere täze hyzmatyň girizilendigi barada habar berýär: indi söwda platformasynda 5 kilograma çenli haryt satyn alnanda, ony Türkmenistanyň poçta bölümlerine eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Söwda platformasynda çagalar we ulular üçin egin-eşikler, hojalyk tehnikalary, elektronika, kanselýariýa, kosmetika önümleri, hojalyk himiýa serişdeleri, öý we çagalar üçin önümler, gap-gaçlar, azyk önümleri we başga-da dürli harytlar hödürlenýär.

Saýtdaky önümler bölümlere we bölümçelere bölünýär, bu bolsa gözleg we harydy tapmak işini ep-esli derejede ýeňilleşdirýär. Harytlaryň sargydy ykjam telefon belgisi hasaba alnandan soň elýeterlidir, töleg nagt serişdeler, bank karty ýa-da onlaýn töleg arkaly kabul edilýär.

Post Shop harytlary Aşgabadyň içine we şäher etegine 24 sagadyň dowamynda eltip berýär. Beýleki welaýatlara eltip bermek hyzmty Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan 3-5 günüň içinde amala aşyrylýar.

Post Shop dükanyndan harytlary satyn almak üçin söwda platformasynyň saýtyndan hem-de Google Play-de ýükläp almak mümkin bolan ykjam programmasyndan peýdalanyp bilersiňiz.

Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: (+993 65) 72 89 52.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Post Shop onlaýn dükany: Türkmenpoçta bilen eltip bermegiň amatly şertleri
Türkmenpoçta çaparçylyk hyzmatynyň mümkinçiliklerini artdyrýar
Post Shop söwda platformasy türkmen telekeçilerini we dürli haryt öndürijilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar
Post Shop onlaýn söwdanyň artykmaçlyklary we 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmaty barada ýatladýar
PostShop marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy
Post Shop onlaýn dükany harytlaryň köp dürli görnüşlerini hödürleýär we Türkmenistanyň ähli künjegine eltip berýär