Premier Ligada möwsümiň oýunçysy mälim edildi

Angliýanyň çempionaty Premier Ligada möwsümiň oýunçysy diýlip, Mançester Sitiniň super ýyldyzy Kewin de Bruýne saýlandy.Bu ugurda Trent Aleksander-Arnold (Liwerpul), Jerrod Bowen (West Hem), Žoao Kanselo (Mançester Siti), Bukaýo Saka (Arsenal), Mohamed Salah (Liwerpul), Son Hyn Min (Tottenhem) hem-de Jeýms Word-Prowz (Southempton) dagydan öňe saýlanan De Bruýne 2019/20 möwsüminde bu hormata laýyk görlüpdi. 30 ýaşyndaky belgiýaly ýyldyz bu baýragy Tierri Anri, Kristiano Ronaldo hem-de Nemanýa Widiçden soň 2 gezek alan 4-nji futbolçy boldy.

De Bruýne şu möwsümde Premier Ligada 29 oýunda 15 gol geçirip, 7 goluň pasyny berdi.

Şeýle-de, Mançester Sitiniň angliýaly ýarymgoragçysy Fil Foden bassyr 2-nji gezek möwsümiň ýaş oýunçysy diýlip saýlandy. Şu möwsümde 9 gol geçirip, 5 goluň pasyny beren Foden bu baýragy yzly-yzyna gazanan ilkinji futbolçy boldy.

Ol bu ugurda Trent Aleksander-Arndold (Liwerpul), Konor Gallaher (Kristal Palas), Taýrik Mitçell (Kristal Palas), Meýson Maunt (Çelsi), Aaron Remsdeýl (Arsenal) Deklan Raýs (West Ham) hem-de Bukaýo Sakadan (Arsenal) öňe saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Angliýanyň EURO 2020-de çykyş etjek düzümi belli boldy
“Mançester Siti” bäş-bäşden çempionlyga barýar
Arsenalyň Mançester Sitini ýeňip bilmezlik däbi dowam edýär
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?