Prezident Berdimuhamedowyň ýegenleri Hajymyrat we Şamyrat Rejebowlaryň Türkmenistanyň mineral dökünlerini we nebit-himiýa pudaklarynyň önümlerini eksport hem import edýän şirketleriň hakyky eýeleri bolup durýandygy Turkmen news we Gundogar neşirleriniň jurnalistleri bilen “Guramaçylykly jenaýaty we parahorlygy paş edýän” taslamanyň OCCRP “Pandoranyň arhiwi” boýunça resminamalaryndan belli boldy.
Bu derňewiň jikme-jikleri bilen neşirleriň saýtyndan tanyşyp bolar. Biz diňe derňewiň gysga netijesini beýan etmekçi.
Hajymyrat Rejebow – gizlin ýagdaýda“Caran” şirketine ýolbaşçylyk edýär we şirket “Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilýän karbamid dökünlerini eksport edýär.
Bu zawod 2018-nji ýylda Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň 1,16 milýard dollarlyk karzy bilen gurlupdy.
Hajymyradyň kiçi dogany – Şamyrat Rejebow hem şeýle ýol bilen Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň döwlet kärhanalarynyň himiýa we nebit önümlerini eksport edýän “Delanore” şirketi bilen ilteşikli.
“Pandoranyň arhiwinden” syzan resminamalardan belli bolşuna görä, doganlar Hajymyrat we Şamyrat Dubaýdaky “elitniý” etraplardan 16 sany jaý satyn aldylar.
OCCRP-iň (GJPPE) derňew gurama C4ADS-nä hödürlän Dubaýdaky emläk eýeleriniň reestrinden belli bolşuna görä, Hajymyrat “Wyndham Hotel” we “Matrix Tower” myhmanhanalarynyň ýerleşýän Sparkle Tower 2, Damac Heights, Sadaf 4, TFG Marina dört ýaşaýyş toplumynda 9 sany jaýyň eýesi.
Şamyradyň bolsa, Sparkle Tower 2, Damac Heights и TFG Marina ýaşaýyş toplumlarynda 7 sany jaýy bar.
“Syzan resminamalarda jaýlaryň satyn alynan seneleri görkezilmeýär. Ýöne, görnüşi ýaly, emläkler 2018-nji ýyldan soňra takmynan, “Caran” и “Delanore “şirketleri has işjeň işleri amala aşyran döwründe satyn alynypdyr” diýlip derňewde aýdylýar.
Derňewçiler şol toplumlarda satylan jaýlaryň bahasyna esaslanyp, doganlaryň gozgalmaýan emläginiň umumy bahasy 5,5 million dollara deň diýip çaklaýarlar.The post Prezident Berdimuhamedowyň ýegenleriniň döwlet zawodlarynyň önümlerini eksport eden şirketler bilen ilteşigi bar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.